GENEL

«Ol bar!»

Ýakynda ABŞ-nyň Arizona ştatynda bolup geçen bu waka Tina Haýs atly bir zenan maşgala bilen bagly.

Dünýä metbugatynda bu barada ýazylan habarlarda aýdylyşy ýaly, ýürek keselli Tina ozal hem birnäçe ýola heläk bolmagyň bäri ýanyndan gaýdan eken. Bu ýagdaý ýene gaýtalanypdyr. «Tiz kömegiň» lukmanlary gelýänçä, adamsy elleri bilen ýüregini urdurmaga synyşypdyr. Lukmanlar gelip, bu iş tä hassahana barylýança dowam edipdir. Emeli dem, lukmançylygyň gazananlary ahyrsoňy netijesini berýär. 27 minutdan soňra Tina Haýsyň ýüregi gaýtadan urup başlaýar.

Özüne gelen zenan elýeterinde duran kagyza «Ol bar!» diýip ýazypdyr. Gapdalynda duran lukmanlar munuň sebäbini soranda bolsa, gözýaş bilen asmana nazar aýlapdyr.

 

Related posts

“Cash back” hyzmatyny ulanmak – gaýtargyňy artygy bilen yzyna almak

vepa

Kazakistan’ın Cumhuriyet Günü Aşkabat’ta kutlandı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile Rusya arasında eğitim işbirliği