GENEL

Täze opera ilkinji Prezidente bagyşlanar

Gazagystanyň Nursultan şäherindäki opera teatry ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe bagyşlanan täze eseri sahnalaşdyrýar diýip, gazak metbugaty habar berýär.

«Kuýaşy ýaradan ýol» atly täze operanyň awtory 20 ýaşly ýaş kompozitordyr. Eserde ýurduň ilkinji Prezidentiniň işlän ýyllary barada gürrüň berler. Eser Gazagystanyň Nursultan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygynda ýeten sepgitleri barada bolar.

Kompozitor bu eseri şu ýylyň maý aýynda doly ýazyp tamamlap, ilkinji Prezidente gowşurypdy. Onuň adyny göterýän ozalky Astana şäherindäki opera teatry bu eseri sahnalaşdyrmaga isleg bildirdi.

Häzirki günlerde teatrda täze eseriň taýýarlyk işleri dowam edýär. Onuň Paýtagt gününde tomaşaçylara ýetirilmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmenistan’da dev inşaat yatırımı

vepa

Mergen Kepbanov: Serdar Berdimuhamedov’un Azerbaycan ziyareti stratejik ortaklığın yüksek düzeyini teyit etti

Türkmenistan ile Kazakistan Dışişleri Bakanları telefon görüşmesi