GENEL

Napoleonyň tagty satyldy

Fransiýanyň we dünýäniň taryhynda uly yz galdyran imperator Napoleon Bonapartyň aradan çykanyna ýene-de iki ýyldan 200 ýyl bolar. Ýöne Fransiýanyň muzeýlerinde we şahsy gymmatlyklar boýunça merkezlerinde meşhur imperatora degişli zatlar heniz hem apalanyp saklanylýar. Ýakynda bolsa onuň tagty satyldy diýip, fransuz metbugaty habar berdi.

Napoleon Bonapartdan soňra-da, imperatorlaryň ençemesiniň kabul ediş kürsüsine öwrülen bu tagta 500 müň ýewro baha kesilendigi aýdylýar. Osenat söwda öýünde «Kim ýokary?» usulynda geçirilen satylşykda bu tagtyň hyrydary köp boldy. Ahyrynda-da ol ýokarky aýdan nyrhymyzdan satyldy. Ýöne meşhur imperatoryň tagtyny kimiň satyn alandygy mälim edilmedi.

Related posts

Türkmen Sporcular 643 Madalya Kazandı

vepa

Kazakistan, Türkmenistan ekonomisine 120 milyon doların üzerinde yatırım yaptı

Türkmenistan-Çin ticaret hacmi 10 milyar doları aştı