GENERAL

«Xiaomi Mi 9» 20-nji fewralda tanyşdyrylar

«Akylly» telefonlaryň dünýäsinde Hytaýyň «Xiaomi» komapniýasynyň ady soňky döwürlerde kän eşidilýär. Munuň esasy sebäbi bolsa kompaniýanyň önümleriniň dünýä bazaryndaky hyrydarynyň barha artmagydyr. Jahanyň çar künjündäki müşderilerine ozal hem kämil smartfonlaryň ençemesini hödürlän kompaniýa 20-nji fewralda täze telefonyny ― Mi 9-y tanyşdyrar.

Deslapky maglumatlara görä, Mi 8 bilen Mi 9-yň arasynda esasy iki tapawut bolar. Olaryň birinji surata düşüriji bölümiň ýüzündäki çerçewäniň biraz kiçelmegi, ikinjisi bolsa telefonyň arka tarapyndan üç ölçegli kamera modelidir. Mi 9 eýesiniň ýüzüni tanap bilmek ukybyna eýe bolmaz. Oňa derek ol eýesiniň barmak yzyny tanap biler.

8 gigabaýt RAM-a eýe boljak telefonyň bahasy heniz belli däl. Ýöne onuň ilkinji bahasynyň 500 dollar çemesi bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation