GENERAL

Üstünlikler we şowsuzlyklar

Üstünlige ýetmek elbetde, gowy zat, hat-da oňa özümizi  şowly duýmagymyza kömek edýän ýeke-täk serişde hem diýip bileris. Ýöne ullakan dagyň üstünde duran şahsyň özüni görüp, onuň şol ýere nähili ýol bilen çykandygyndan habarsyz bolunyşy ýaly, adamlaryň üstünlige nähili ýol bilen ýetendigini bilmek üçin, diňe olaryň terjimehalyny okamak ýeterlik däl. Şol üstünlige ýetenleriň häzirki derejesine gelýänçä näçe gezek durmuşdaky şowsuzlyklardan zeýrenendigini, näçe gezek kemsinmäge mejbur bolanyny, näçe gezek üstünlige barýan ýolda «arakesme» edendiklerini olaryň özlerinden başga bilýän adam ýokdur. Üstünlige barýan ýoldaky päsgelçilikleriň iň ulusy öz-özüňe ynamsyzlykdyr.

Günümizde ýazylýan dünýä belli kitaplaryň, gazet-žurnal sahypalaryndaky makalalaryň, filmleriň örän köp böleginiň üstünlik we öz-özüňe ynanmak ýaly meseleleri öz içine alýandygyna garamazdan öz başarnygyna dogry baha bermek birentek adamlar üçin häli häzire çenli esasy durmuş meselesi bolmagynda galýar. Durmuşda her bir adam öz öňünde belli bir maksat goýýar. Ýöne şol maksat ugrundaky synanyşyklarymyzyň köpüsiniň şowsuz tamamlanmagy bolsa biziň ynamymyzyň «ogurlanmagynyň» esasy sebäbi bolup durýar. Kynçylyksyz, ir gelýän şowlulyga we üstünlige durmuşyň şol adama beren sowgady, tebigatyň bagyş eden ylahy zehini hökmünde seretmek bolar. Adam eli bilen gazanylýan üstünlikleriň bolsa 99 göterimi şowsuzlyklary ýeňip geçmekden ybaratdyr. Şol sebäpli hem biziň gözümize üstünlik garaşyşymyzdan has giç gelýän ýaly duýulýar. Hakyna seredeniňde üstünlikde ir, giç diýen düşünje bolmaýar. Ýöne durmuşyň ilkinji basgançaklarda bizi birneme ýadatmagy, beýnimizde üstünligiň gijikýändigi, zähmetimiziň garaşylan netijäni bermeýändigi hakyndaky düşünjeleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin bize şowlulyk üçin geçen ýolumyz biraz uzagyrak görünýär. 93 ýaşynda kitap ýazmaga başlan Garri Bernşteýn hakynda eşidipmidiňiz?  Eşitmedik adamlaryň «93 ýaşdan soň nämäniň kitabyny ýazyp bolar?» diýip geň galmagy hem ahmal. Onuň terjimehaly şeýleräk: 93 ýaşynda ýanýoldaşyny ýitirip, ýeke-täk maksady onuň bilen ömrüniň ahyryna çenli asuda ýaşamak bolan Garri boşap galan öýde ähli durmuş meýilnamasy puja çykan ýagdaýynda ýalňyz galýar. Bir zatlary ýazmak bilen meşgullanmak onuň üçin aslynda üstünlige ymtylmakdan öte ýalňyzlykdan gaçybatalga bolupdyr diýsek dogry bolsa gerek. Ýöne muňa garamazdan çekilen zähmet özüniň netijesini berýär. Elbetde şowlulyk onuň hem nämedir bir zatlary ýazmagyna garaşyp ýatan ýaly derrew gara beribermändir. Ýazylan eserler birnäçe  neşirlerden yzyna gaýtarylypdyr. Ol eserleriniň üstünde işläp, özüni kämilleşdiripdir. Internet saýtlary bilen gyzyklanyp, köpçülige goşulmaga çalşypdyr.  Netijede ömrüniň galan sekiz ýylyny nusgalyk derejede ýaşapdyr. Bu ýazyjynyň durmuşy bize üstünligiň ýaşynyň ýokdugyny subut eden bolsa, karz alnan 50 dollar bilen dünýäniň iň uly markalarynyň biri bolan «Nike» nyşanyny döreden Fil Naýt bize durmuşda üstünlik üçin uly möçberli süýşürintginiň gerek däldigini, üstünlik heniz özüni görkezmänkä işleýän surat çekmek bilen meşgullanan gazetinden ýeterlik fantaziýasynyň ýoklugy sebäpli kowlan Walt Disneý bolsa başgalaryň pikirini diňlemegiň örän uly ýalňyşlykdygyny subut etdiler.

Bir akyldaryň aýdyşy ýaly: «Özümize edip biljek iň uly ýamanlygymyz, özümize bolan ynamy ýitirmegimizdir». Bu gyşarnyksyz hakykat. Durmuşda seýrek duşýan hem bolsa käwagtlar üstünlik gazanyp bilmeýänligimiziň sebäbi ýene-de özümiz bolup durýarys.  Gürrüň ýene aýlanyp-dolanyp özümize kembaha seretmeklige gelýär. Durmuşdaky iň uly üstünlik geçmişdäki şowsuzlyklaryň bize ýetiren täsirinden saplanyp, ýalňyşlyklaryň üstünde işlemek, umuman durmuş bilen «ýaraşyp» ýaşamakdyr. Ýöne gynansakda durmuşda muny başarmaýan adamlar hem bar. Eger biz dünýädäki ähli adamlary tanaýan bolsadyk, onda üstünlige barýan ýolda şowsuzlyklardan we kynçylyklardan basylyp, işini ýarty ýolda goýup, «yza çekilýän» adamlaryň häzirki üstünlige ýetenlerden has köpdügine göz ýetirerdik. Ýöne bizde olardan birini tanamak mümkinçiligi boldy. Gürrüň ýaşan döwründe döreden eserleriniň 90 göterimini ýok eden, ýetişmediklerini dostuna ýakmagy wesýet edip giden ýazyjy Frans Kafka hakynda barýar. Eger Maks Brod dostunyň wesýetini ýerine ýetirmän, golýazmalary neşire bermedik bolsa, onuň ady sessiz-üýnsiz taryhyň gatlaryna siňip giderdi. Döwürdeşleriniň Kafkanyň çekinjeň häsiýetli biridigini belleýärler. Ýazyjynyň «Hiç hili kemçiligim ýok, diňe özüme mätäçligim bar» diýmegi hem muny tassyklaýar. Şeýlelikde üstünlikde ýeke-täk gerek zat özüňe ynanmakdyr…

Tutuş makalanyň mazmunyny ýeke sözlem bilen hem düşündirmek bolar. Ýagny, « Üstünlik – bu bir şowsuzlykdan beýleki bir şowsuzlyga tarap ruhubelentligiňi ýitirmezden ädim ädip bilmekdir».

Oguljennet PAŞYKOWA,

«Aşgabat» gazetiniň habarçysy

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council