GENERAL

Üstünlik syrlaryny özüňizden gözläň!

Durmuş üznüksiz dowam edýän hadysa. Onuň ne başyny aňlan bar, ne soňuny. Biz bolsa durmuşyň bir bölegi hökmünde ýaşaýarys, işleýäris, hereketlerimiz bilen özümiziň we başgalaryň ykbalyna täsir edýäris. Biziň ýaşamaga we işlemäge bolan esasy höwesimiz durmuşymyzda eýe bolan bagtymyzdyr, ýeten sepgitlerimizdir we elbetde üstünliklerimizdir. Biz  “bagta, şowlulyga, üstünlige eýe bolduk” diýip şolary başgalaryň ykrar etmegine düşünýäris. Ýöne aslynda bagt biziň şatlykly we lezzetli durmuşymyzdyr. Ýeten sepgitlerimiz biziň her bir işe akyl we ynam bilen çemeleşmegimizdir. Üstünlik biziň ykbalymyzda etmegimiz gerek bolan işi aňlamagymyz we ony ýerine ýetirmegimizdir. Bu üç hadysa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olaryň ikisine täsir edip bilýäni bolsa üstünlikdir. Üstünlik öňümize goýan maksadymyzyň edil şu pursatda we şu ýerde amala aşmagy diýip düşünsek-de, üstünlige ýetäýmek aňsat iş däl. Käbir adamlar bilmezlikde üstünlige eýe bolsa, käbirleri gijigip eýe bolýarlar. Käsiler bolsa özüniň ýeten sepgidiniň üstünlikdigini aňlap hem ýetişmeýärler. Käteler biz “pylan kişi pylança üstünlik gazanypdyr” diýip öz ýanymyzdan gürrüň edýäris. Emma onuň üstünlik gazanmagynda uly zähmet, özüne bolan ynam, tutumly maksat we aňly-başly adama mahsus pikirlenme we gylyk-häsiýetler ýatandyr. Bizde edil şolar bolaýan ýagdaýynda-da biz ýalňyşýarys. Ýalňyşmak aýyp zat däl, ýöne ondan netije çykaryp bilmezlik üstünliksizlikdir. Bir oýlap görüň ahyryn, ýalňyşýandygymyz eýýäm biziň üstünlige tarap hereket edýändigimizden habar berýär. Bir meseläniň üstünde işlemek, onuň çözgütlerini oýlap görmek we amala aşyrmak bilen baglanyşykly aýgytly hereket etmek ir-u-giç öz ýüzüni görkezer. Ýönekeýje mysal alyp göreliň. Dünýä meşhur animator Uolt Disneý žurnalist hökmünde gazetde işe başlapdyr. Birnäçe wagtdan soň gazet redaktory ony hiç hili şahsy pikiri ýok, dünýägaraýşy pes, fantaziýasy ýok diýen dürli bahanalar bilen işden boşadypdyr. Köp ýyllaryň dowamynda ol dürli işleriň başyny tutupdyr. Ýöne hiç bir işi hem o diýen şowly bolmandyr. Hemmesi diýen ýaly üstünliksiz amala aşypdyr. Onuň ýalňyşlyk goýberen ýerleri gaty köp bolupdyr. Döreden animasion gahrymanlary o diýen meşhurlyk gazanybermändir. Ol hiç hem yza tesmändir. Şowsuzlyklardan haýpykmandyr. Geçmişi geçmiş bilip, täze işleriň başyna geçipdir. Köp zähmet çekipdir. Ýalňyşlyklarynyň üstünde işläpdir. Ahyrynda bolsa “Garpamyk” animasion multfilmi ony dünýä meşhur edipdir. Ondan soň ol täze ruh we täzeçe çemeleşmeler bilen, özüne berk ynam bilen multfilm äleminde uly-uly üstünlikleri gazanypdyr. Görşüňiz ýaly ýalňyşymyza ökünmegimize garanda, ondan degerli netije çykarmagymyz möhümdir.

Özümiz özümiz hakynda alada etmegimiz gerek. Özümiz öz işimize baha bermegi, onuň netijesi hakynda şübhelenip, soň karar kabul etmegi öwrenmegimiz gerek. Özümiziň üstümizde köpräk işlemek, durmuşyň kynçylykly we çarkandakly ýollarynda ynamly öňe gadam basmagy kada edinmelidiris. Başgalaryň sen hakyndaky pes bahasyny esasy zat hasap edip, başlan işiňi taşlamagyň, öz idealyňdan durmuş hakykatyňda ýüz öwürmegiň düzedip bolmaýan geçmişe öwrülmegi mümkin. Hiç haçan özgeleriň pikiri bilen ýaşamaly däl. Başga adamlaryň islegi we kabul edişi diýip özüňi üýtgetmeklik nädogry hasaplanýar. Özümize “Men kim? Kim bolmaly? Meni geljekde kim diýip ýatlarlar” diýen soraglary özümize berip göreliň. Biz şu soraglaryň üsti bilen öňümize goýjak maksadymyzy we ýetjek sepgitlerimizi kesgitleýäris. Diýmek bu üstünlik gazanmagyň hem esasy şertidir. Dünýä belli telewideniýe perisi hasaplanýan amerikaly telealypbaryjy Opra Uinfri ilkinji taýýarlan gepleşiginden masgara edilip kowlupdyr. Teleredaktorlaryň pikirine görä, ol telegepleşikleri alyp barmak üçin öte semizmişin. Bu ýazgaryşlardan we kemsitmelerden soň Opra Uinfri horlanmak üçin birnäçe töwekgelliklere hem el urýar. Emma öňünde goýan maksadyna ýetip bilmeýär. Ýöne ol jana-jan işinden ýüz öwürmeýär. Tankytçylaryň bolgusyz gürrüňlerine üns bermeýär. Her bir ýetip bilmedik sepgidinden soň täze güýç bilen işlemäge başlaýar. Öz idealyny öňe tutýar we telewideniýede özüniň üýtgeşik telealypbaryjylyk başarnygy bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Özüniň halal we dynuwsyz zähmetiniň netijesinde dünýädäki iň baý we işewür aýallaryň hataryna goşulýar. Öz pikiriňden el çekmek, başgalaryň sen hakdaky ýalňyş garaýyşlary sebäpli başlan işlerimizi ýarpy-ýarymynda taşlamak bizi üstünliksizlige eltýär.

Başlan işimiz çala oňuna bolmasa, eýýäm gorka düşüp başlaýarys. Netije şowsuzlyk we utulmak bilen tamamlanar diýip haýykýarys. Ýa-da bir uly işi başlamakdan we uly wezipeli adamlar bilen söhbetdeşlikden geçmekden, iliň diline düşmekden, abraýymyzyň peselmeginden, ýakynlarymyzyň we tanyşlarymyzyň biz hakynda garaýyşlarynyň üýtgemeginden gorkýarys. Gorky bizi sussupeslige, ruhy çökgünlige eltýär. Amala aşyrjak bolýan meýilnamalarymyzy bökdeýär. Durmuşymyzdaky hadysalara ruhy taýýarlygymyzy gowşadýar. Gorkudan gaçmaly däl. Ony özümize kabul etmegi, durnuklylygyňy saklamagy, berdaşly bolmaklygy başarmaly. Gorka özümizi aldyrsak, köp zatdan gury galarys. Ony ýönekeýje fiziki we aň garşylygy hökmünde kabul etmegimiz gerek. Gorkyňyza gözegçilik etmegi öwrenmeli. Nähili ýagdaýda bolsaňyz-da, gorky netijesinde sussuňyzy peseltmäň. Sebäbi sussupeslik gorkyňyzy artdyrar. Amala aşyrýan işiňize diňe bir daşky garşylyklardan-da, esasy içki garşylyklaryňyz özüniň ters täsirini ýetirip bilýär. Indiki etjek işiňiz gowy amala aşarmyka, hiç hili garşylyga duşmazmyka diýip köp oýlanman, täze hereketleriňizi, dogry we takyk meýilnamalaşdyrmagyň, gorkyny we çekinmegi bir ýana süýşürip goýmagyň, özüňize bolan güýçli ynamyň hasabyna üstünlige ýetmäge çalyşmaly. Dünýä belli awtoulag kärhanasynyň esaslandyryjysy Genri Forduň hiç bir işi ilki-ilkiler üstünlige eýe bolmandyr. Aslynda ol ulag senagatyna baş goşmaga, gerek bolan maýa goýumlaryny toplamaga hem başda gorkupdyr. Ýöne ol gorky bilen başlan işiniň takyk we düz boljagyna ynanyp, ulag biznesini başlapdyr. Onuň döreden birinji kompaniýasy bäsdeşlige çydaman batypdyr. Näme ol bäsdeşlerden gorkup, biznesini taşlandyr öýdýäňizmi? Asla beýle däl. Ol indi ikinji gezek biznes başlamakdan gorkupdyr. Emma ol gorkyny çuňňur pikirlenmegiň we netije çykarmagyň serişdesi hökmünde görüpdir. Gorkyny ýeňmek, bäsdeşleriňi ýeňmek diýip düşünip, ikinji işine başlapdyr. Ikinji işewürlik işinde şärikleri bilen oňuşman, işini taşlapdyr. Ol mundan soň  işgär almakda hem gorky duýupdyr. Işgärleriniň eden hyýanaty ony öz gününe goýmandyr. Üçünji işini başlanda Ford işgärlerini ynsabyna we wyždanyna, iş başarjaňlygyna seredip saýlap almagy başlapdyr. Gynansak-da Forduň üçünji işi hem harydyň satuwynyň pesdigi sebäpli şowsuzlyga uçraýar. Ol şunça üstünliksizlikleri başdan geçirse-de, işi guramakda özünde gorky duýsa-da, bulary ýeňmegi başarýar. Şowsuzlyklardan tejribesini artdyrýar. Täze işi ýola goýýar. Dünýäde iň iri awtoulag kompaniýasyny döredýär. Onuň gorkulary başarnygyny we özüne bolan ynamyny berkidýär. Şeýdip hem Amerikanyň iň üstünlikli işewürine öwrülmegine getirýär.

Görnüşi ýaly, üstünligiň hatyrasyna hemmesini täzeden başlamaga hiç haçan giç däldir. Geçmişiň agyr ýükünden we şowsuzlyklaryndan el üzmek gerek. Üstünligi özümize ýaran edinmek hut şu gün kabul eden kararlarymyzdan we öz öňümize goýan maksatlarymyzdan, oňa ýetmek ugrundaky ynam hem-de dynuwsyz zähmetimizden, gorkulary, päsgelçilikleri ýeňip başaryşymyzdan, ýetip bilmedik sepgitlerimize ýetmegiň täze ýollaryny gözlemegimizden, üstünliksizliklerimizden möhüm, degerli netije çykaryşymyzdan başlanýandyr. Unutmaň! Durmuşymyzyň iň möhüm pursady şu gündür. Üstünlikli geljegi döretmek mümkinçiligi edil şu wagt berilýändir.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council