GENERAL

Üstünlik gazanmaklygyň kanunçylyk esaslary

Üstünlik – adamzadyň öz irginsiz zähmeti, tebigy berlen ukyp-başarnygy esasynda öňünde goýan maksat-myradyna ýetmegi, kalbynda beslän arzuwynyň wysal bolmagy. Ýöne, umumadamzat jemgyýeti döräni bäri, üstünligiň bütin dünýäde haýyr bilen şeriň gapma-garşy göreşinde güýji agdyk bolan tarapa geçýändigini nazara alan taryh, bize üstünligiň päk maksatly ynsanyýetde rowana bolmagyny ündäp, «parlament» diýen ylmy termini älem-jahandaky dürli ýurtlaryň döwlet häkimiýet dolandyryşyna girizilmegine sebäp bolan beýik hukukşynas şahsyýetleri berdi. Parlamentiň halk häkimiýetiniň bir şahasy bolup, döwlet dolandyrylyşyna girizilmeginiň özi, öz nebisiniň hatyrasyna bet niýet bilen üstünlik gazanmak isleýän adamlaryň öňüne örän mäkäm synmaz böwet boldy. Çünki, parlamentiň çykarýan kanunlary ynsanlaryň medeniýetleşmegine, kanuny erkinligine, halal maksat tutunmagyna, päk ýürekden çykýan isleg-arzuwlaryny durmuş ýüzüne geçirmegine ýardam edip, hem-de özüne Alla tarapyn berlen tebigy ukyp-başarnygyny halkyň bähbidine sarp etmegi üçin, şeýle-de ýagşy niýet bilen ugran ugrunyň üstünlige beslenmegi üçin döwlet goldawyna eýe edip, ähli oňyn şertleri döretdi. 1945-nji ýylda BMG-niň döredilmegi, 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň» kabul edilmegi bütin dünýädäki päk maksatly üstünlige dalaş edýän ynsanlaryň howpsuzlygyny üpjün edip, olaryň öňüne böwet bolýan gara niýetli, nebisjeň adamzada kanun esasynda berk temmi berdi. Munuň özi dünýä parahatçylygynyň berk binýadyny tutup, milletler bileleşigine girýän döwletleriň ynsanperwerleşmegine, dürli ýurtlaryň öz milligine görä medeniýetleşmegine özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Ine, şunuň özi bolsa üstünligiň düýp esas özenini düzýän iň wajyp badalgasydyr. Çünki, millilik, milli ruh adamda milli buýsanç döredýär, milli buýsanç bolsa maksadaokgunlylygy döredýär, maksadaokgunlylyk bolsa ynsanyýete Alla tarapyn berlen üýtgeşik ukyp-başarnyk esasynda onuň irginsiz zähmet çekmegini talap edip, ony şoňa tutuş süňňi bilen eýerdýär. Mundan başga-da, adamyň üstünlik gazanmagy üçin iň esasy zat parahat durmuşydyr. Diýmek, ynsanyýetiň rahat durmuşy, milli ruhy — üstünligiň iň esasy açarydyr. Bu zatlaryň ählisi bolsa, bütindünýäde BMG-niň döredilmegi, «Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamanyň» kabul edilmegi bilen mümkin boldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň düzümine giren biziň ýurdumyz hem, bu guramanyň alyp barýan asylly işlerini öz milli ýörelgämiz bilen baýlaşdyryp, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Esasy kanunymyza siňdirdi. Muny milli Konstitusiýamyzyň: «Türkmenistanda adamyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär» — diýen 25-nji maddasy hem tassyklaýar. Diýmek, adamyň rahat durmuşy, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berkarar edilmegi, howpsuzlygynyň üpjün edilmegi — üstünlik gazanmaklygyň ilkinji şertidir. Çünki, bu zatlar bolmasa adamda hernäçe etsem-pessem bolup, irginsiz zähmet arkaly üstünlige dalaş etse-de, ol başa barmaýar. Hut, şu nukdaýnazar adamyň rahat durmuşy üçin döredilýän ähli zerur şertleriň onuň üstünlik gazanmagynyň baş sebäpkäridigini görkezýär. Munuň şeýledigini, biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde  parahat we eşretli durmuşyň hözirini görüp, öz päk zähmetinden üstünlik gazanýan raýatlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşine, rowaçlygyna goşýan mynasyp goşantlarynda-da anyk-aýdyň görmeklik bolýar.

Baky NURMUHAMMEDOW, 

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Hukuk fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Win 1000 Manats for the Word of the Year: Presented by Makul Sözlük

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure

Turkmenistan Approves State Program for Ensuring Aviation Security

Kazakhstan’s Ambassador visits western region of Turkmenistan

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?