Men öz obamyzdaky orta mekdebiñ 11-nji synpynda okap bilim alýardym. Meniñ günümiñ köp bölegi okuw hem-de kitaphanañ arasynda geçýärdi. Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky ýokary okuw mekdebiniň hukuk fakultetiniñ giriş synaglaryna taýýarlyk görýärdim. Ejem bolsa meniñ beýle höwesimiñ bardygyny görüp, maña buýsanyp begenýärdi. Maña güýç-kuwwat, hem-de goltgy berýärdi. Meniñ bolsa muña has-da höwesim artyp, özüme bolan ynamym güýçlenýärdi. Ine şeýle begençli, gowy günlerde ejem agyr kesele duçar boldy. Gün geçdigiçe ejemiñ ýagdaýy has-da agyrlaşmana başlapdy. Hat-da oñ bir özi aýak üstünde hem durup bilenokdy. Men hem-de doganlarymyñ kömek bermeginde az kem ýöreýärdi. Hiç birimiz ejemiñ kellesinde dörän çişden habarsyzdyk. Ejeme duýdurmajak bolup, her gün öz otagymda aglap oturardym. Şol wagt ne ýokary okuw mekdebi, ne-de bilim almak hakynda pikir hem edemokdym. Wagtyñ geçmegi bilen synaglara taýýarlygymy hem taşladym. “Barybir ejem meñ ýokary okuw jaýyna girip,uly adam bolanymy görüp bilmejek bolsa, onda okamagyñ näme manysy bar” — diýip, pikir etmäne başladym. Ine bir gün agşam ýatyrkam bir ses eşitdim we dessine turup öz otagymdan çykdym. Ejemiñ bulguryndaky suw dynyp, öýdäkileri oýandyrmaýyn diýip, diwarlardan ýapyşyp, aşhana suw almana barýanyny gördüm. Şol wagt ejemiñ ýanyna gidip, ony gujaklap agladym we ony öz ýerine getirdim. Soñra aşhanadan bir bulgur suw alyp geldim. Men bu bolup geçýän zatlara şol gije düşündim. Durmuş meni we meñ maşgalamy synap görýär. Şonuñ üçin men ruhumy belentde tutup, bu zatlara öwrenişmelimi? Ýok, tersine durmuşa nämeler edip biljekdigimi, nämeler başarýandygymy görkezmeli diýen netijä geldim. Şol gijeden soñ, ejemiñ operasiýa boljak gününe çenli her gije dañ atýança synaglara taýýarlandym. Diñe öýlänleri ukymy alýardym. Aslynda men ejemiñ hassalanmagyndan bir many çykarypdym. Onuñ maña berýän güýji we göreşmek ruhy bilen her gije giriş synaglaryna uly höwes bilen taýynlanmaga başladym. Hem-de şeýle pikir etmäne başladym. Durmuş: “Ejem birden gije oýanyp, oña bir zat gerek bolaýsa?” diýip pikir etdirip, meni her gije uklamazlyga we daña çenli kitap okamaklyga ugrukdyrypdy. Şeýlelik bilen aradan birnäçe aýlar geçdi. Indi hemmämiz ejemiñ ýagdaýynyñ agyrdygyny, ýaşamaga bolan ukybynyñ azdygyny bilýärdik. Soñra ejem bilen kakam paýtagtymyzdaky merkezi hassahana gidipdiler. Ol hassahanañ tejribeli lukmanlary ejemi barlag işlerinden geçirip, ejemiñ beýnisinde ullakan çiş bardygyny anykladylar. Hem-de ejemi haýal etmän operasiýa etmelidigini aýdypdyrlar. Ejemiñ operasiýa girmezinden ozal kakam telefonda ejemiñ beýnisindäki çiş örän uly bolansoñ ýaşamaga bolan mümkinçiligi 100%-de 1% diýdi we bize köpräk dileg etmegimizi aýdypdy. Men bu zatlary eşidip, gaty gynanypdym. Şu zatlardan soñ özümde azajyk güýç tapdym we özüme şeýle diýdim: “Giriş synaglaryna girersiñ, her soraga dogry jogap berersiñ we ejemem operasiýadan çykansoñ muny eşidip gaty begener”. Giriş synaglaryna girdim we aýdanlarymy etdim. Hemme soraglara dogry jogap berdim. Ejemiñ operasiýasy hem örän şowly geçdi. Bu zatlary aýtmagymyñ sebäbi,eger sen üstünlige ýetjek bolsañ, her bir kynçylykdan, her bir çykgynsyz ýagdaýdan dogry baş alyp çykmagy we dogry many çykarmagy başarmalydyr. Unutmañ! Durmuşyñ kynçylyklary bizi ýere ýykyp biler, ýöne ýerden galyp,galmazlyk diñe biziñ özümize baglydyr!
ARSLAN SAPARGELDIÝEW
MARY WELAÝATYNYÑ WEKILBAZAR ETRABYNDAKY 10-njy orta mekdebiñ 11 synp okuwçysy