GENERAL

Üstünligiň açary – sabyrlylyk

Türkmenlerde   “Sabyr  soňy  sap  altyn”, “Sabyrly  gul  dura  bara  şat  bolar”  ýaly  atalar  sözi  bar. Ata-babalarymyzyň  pähim-paýhasyndan  dörän  bu  sözler  çuňňur  mana  eýe.  Durmuş  wakalaryna  sabyrlylyk  bilen    garap, tutanýerli  zähmet  çekseň, soňunyň  sap  altyna  barabardygy  biziň  hemmämize  mälim. Başyna  baran  işiňde  üstünlige  eýe bolmagyň  esasy  syry  bolsa  aýdyň  pikirler,  geçiljek ýollar bilen  berk  baglanşyklydyr. 2020-nji  ýylda  Türkmenistanyň  Bitarap  ýurt bolanyna  25  ýyl  dolýar. Şol  geçilen  ýyllara  nazar  aýlanyňda,  halk  bähbitli,  ýurt  ähmiýetli  gaty  uly  işleriň  durmuşa  geçirilendigine  ýürek  buýsanjyň,  eziz  Watanyňa  bolan  çäksiz  söýgiň   artýar. Bu  üstünlikleriň  aňyrsynda  bolsa   türkmeniň  gan  damarlarynda  tirpildeýän  sabyrlylyk  häsiýeti  joş  urýar. Ol  joşgun  bagtly  pursatlara,  hawa, hawa,  aýratyn  durmuşyň  bagtly  pursatlaryna  goltgy  berýär.  Olar  daş-töweregimizde  bolup  geçýän  wakalara  biçak  şatlanmaga,  söýmäge,   üýtgeşik  bir  zada  geň  galmaga  mejbur  edýän  pursatlar. Şeýle   pursatlara  duşmak, olardan  ruhy  ylham  almak  üçin  bolsa  hemişe  aýak  üstünde  bolmak  gerekdir  diýip  pikir  edýärin.Türkmen  halky  Döwlet  garaşsyzlygyny, hemişelik  Bitaraplygy  alandan  soň,  ony  berkitmek  üçin  milli  Liderimiziň  baştutanlygynda   jan  aýamaň  zähmet  çekdi.  Berkarar  döwletiň  bagtyýarlyk  döwründe    syýasy-jemgyýetçilik,  durmuş-ykdysady,  medeni-gumanitar  ulgamlarda  bedew  bady  bilen  öňegidişlikler  gazanyldy. Bitaraplyk  syýasaty  netijesinde  halkara  gatnaşyklarynda  parahatçylyk, özara  hyzmatdaşlyk  we  birek–birege  ynanyşmak, ähli  ulgamlarda  durnukly  ösüş, dünýä  ülňülerine  laýyk  ösen  tehnologiýanyň  we  sanly  ulgamyň  giňden  durmuşa  ornaşdyrylmagy,  obadyr  kentleriň  şäher  bilen  bäsleşmegi,  täze  döwrebap  obalaryň,   medeni- durmuş  binalaryň  gurlup,  ulanylmaga  berilmegi,  olaryň  köpüsiniň  Ginnesiň  Rekordlar  kitabyna  girizilmegi,  milli  däp-dessurlarymyzy  özünde  jemleýän  küştdepdi  tansynyň, “Görogly”  dessanynyň, ähli  döwürlerde  özüniň  nepisligi,  gözelligi  bilen  dünýä  halklaryny  haýrana  galdyran  ajaýyp  türkmen  halysynyň  ÝUNESKO-nyň    adamzadyň  maddy  däl  medeni  gymmatlyklarynyň  sanawyna  girizilmegi,   goja  Hazaryň  kenaryny  ýakalap  oturan, kalbyňy  ertekiler  dünýäsi  bilen  çoýýan “ Awaza” milli  syýahatçylyk  zolagy  we  ýene-de köp-köp  desgalar… bu  gazanylan  üstünlikler  dünýä  jemgyýetçiliginde  Türkmenistan  Watanymyza  bolan  çäksiz  buýsanç  duýgusyny  oýarýar.

Durmuşda  üstünlige  ýetmegiň  ýollary  barada  gürrüň  açylanda,  bir  wakany  gürrüň  beresim  gelýär.

Golaýymyzda   bäş  çagaly Güljeren  atly   gelneje  ýaşaýardy. Birdenkä  onuň  adamsy  agyr  kesele  duçar  bolup, aradan  çykdy. Kiçijik  çagalar  bilen  galan Güljeren  gelnejä  her  kimiň  ýüregi  gyýylýardy,  nebsi  agyrýardy,  sebäbi  ol  hiç    ýerde  işlänokdy. Şeýle  ýagdaýda çagalary  nädip  kemala  getirmeli? Bu  sorag  diňe  Güljeren  gelnejäni  däl,  eýsem  goňşy-golamlary hem  biparh  goýanokdy, olar  oňardygyndan  ol  maşgala  ýardam  edýärdiler. Ýöne,  näme, Taňrynyň  güni  darydan  köp  diýlişi  ýaly, “Iliň  bereni  dadymlyk,  özüňki  doýumlyk”  bolaýýarda. Günleriň  geçmegi  bilen  Güljeren  gelnejede  zenan  tutanýerliligi,  azaphonlygy  oýanan  ýaly boldy, ol  dogumlandy.  Megerem,  ol  Gurbannazar  şahyryň  “Kynçylyk  ýok,  ejizlik  bar  dünýäde”  diýen  jümlelerine  daýanandyr?!  Ol  bir  gün  ejemiň  ýanyna  geldi-de:

— Altyn  goňşy,  öýde  süýjülik  bişirip,  dükanlara  paýlasam  bolmazmyka?—diýip,  maslahat  saldy.

— Dogry  pikir, Güljeren, sen  asylam  biş-düşe  ökde  ahyryn,  gaýynyň  pahyr  barka,  her  gelende  seniň  bişirýän  tagamlaryňy  öwerdi. Bişiriber,  ynha,  meniň  çagalarymam  dükanlara  aýlanyp,  haýsy  süýjüligiň kime,  näçe  mukdarda  gerekdigini  bilmäge  kömek  ederler. Menem  tanyş-bilişlere,  kärdeşlerime  aýdyşdyraryn. Yhlasdyr  erjellik  bilen  ýapyşsaň,  bitmejek  iş  ýokdur –diýip,  ejem  onuň  pikirini  goldady.

Güljeren  gelneje  ilkibaşda   birazrak  süýjülik  bişirip, mekdebiň  ýanynda  ýerleşýän  dükana  tabşyrdy. Emma  ondan  öňem  ol  dükana  süýjülik  tabşyrýanlar  bar  bolansoň, Güljeren  gelnejäniň  bişirýän  tagamlaryna  kän  üns  berenem  bolmady. Haryt  basym  zaýalanýan  önümleriň  hataryndadygy  üçin,  wagty  geçensoň  alyp  gaýtmalydy. Bu  ýagdaý  birnäçe  günläp  dowam  edýär.

— Be-e,  birgiden  zadym  yrýa  bolýar. Çagajyklarymyň  agzyndan  kesip,  bu  iş  edenime  bir  degjekmi?  Başga  näme  iş  bilen  meşgul  bolsamkam?—diýip, Güljeren  gelneje  kän  kelle  döwýär. “Howlukma, sabyrly  bol, kanagat  et”  diýip, özüne  teselli  berýär. Ýene-de  ejemiň  ýanyna  gelýär. Ejem  internet  sahypalaryndan  süýjüligiň  täze  görnüşlerini, olary  taýýarlamagyň  usullaryny  tapyp  berýär.

— Süýjüligi  uly  etmän,  bir  adam iýer  ýaly  edeli.  Hem-ä  bahasy  arzan  bolar,  hemem  iýmäge  amatly  bolar  –diýşip, täzeligi  önümçilige  ornaşdyrmaga  howlugýarlar.  Täze  usul  alyjylary  özüne  çekýär. Okuwa,  işe  barýanlar  dükandan  adaty  süýjülikden  tapawutly   täze  süýjüligi  satyn  alýarlar.  Onuň  daş  keşbi,  tagamy  beýlekileriňkiden  üýtgeşik  bolýar.  Dilden-dile  geçip,  haryda  höwesekler  köpelýär.  Toý-märeke  etjekler    Güljeren  gelnejä  buýurmalar  esasynda  süýjülik  taýýarladýarlar.

Şeýlelikde, Güljeren  gelnejäniň  bişirýän  süýjülikleri  sähel  wagtyň  içinde  isleg  köpelip,  adygýar.  Bişirip  ýetişse,  alyjysy  ýeterlik  bolýar. Soňra  ol  ýanyna  birküç  sany  kömekçi  alýar. Uly  howlynyň  töründäki  sekiniň  üsti  kiçijik  sehi  ýadyňa  salýar. Biraz  wagtdan  howlynyň  töründäki  aşhanany  giňeldip,  içini  hem  arassaçylyk  we  tehniki   şertlere  görä  abzallaşdyrýarlar. Ejem  hasapçylyk  ugrundan  işleýändigi  sebäpli,  Güljeren  gelneje  oňdan  süýjülik  bişirende  çykýan  çykdaýjylary  we  ondan  gelýän  girdejileri  hasaplap  bermegini  haýyş  etdi. Ejem  agşamlaryna  oturyp, onuň  bu  haýyşyny  bitirýärdi. Irden  turanymyzda  ejemiň  göwnühoş  halda  Güljeren  gelnejä  bir  zatlar  gürrüň  berýänini, onuň  bolsa  ýüzünde  şatlyk  alamatynyň  peýda  bolýandygyny  görýärdik.  Güljeren  gelnejäniň  çagajyklarynyň  hem  wagty  hoşdy. Diýmek,  işler  üstünlikli  dowam  edýärdi.

Wagtyň  geçmegi  bilen  şäher  merkezindäki  seýilgähiň  gapdalynda  Güljeren  gelnejä  süýjülik  bişirip  satar  ýaly  ýörite  kafe  üçin  ýer  bölüp  berdiler.  Ol  ýerde  çagalar  üçinem  aýratyn  stollar  bardy. Süýjülik  bilen  çaýdyr  kofe, lezzetli  içgiler  hem  içip  bolýardy.   Güljeren  gelnejäniň  başlan  işinden  göwni  suw  içýärdi.  Ol   çagalaryny  ýetmezçiligi  duýmazdan  kemala  getirmek, olara   atalarynyň  berip  ýetişmedik  mährini  siňdirmek, öý-ojagyna  bolan  yhlasy,  söýgüsi  bilen  ähli  kynçylyklary  ýeňip  geçmek  üçin  tutanýerliligi  özüne ýoldaş  edindi. Turuwbaşdan  işjanlylygy, zähmetsöýerligi, sabyr-kanagatlylygy   bilen  çeşme  ýaly  akyp  ýatan  ukybyna  daýandy.  Ukybyň  zähmetiň  gözbaşydygyna    göz  ýetirdi. Şu  häsiýetleri  özünde  jemläp bilmegi  onuň  ýüreginde  joşgun  döretdi. Ol  joşgun  bolsa,  gaýgy-hasraty,  ýaltalygy,  umytsyzlygy  ýeňip  geçmäge  kömek  etdi.  Bagtyýar  kalbyny  ertirki  gün  ýüzüni  nähilidir  bir  bagtyň  şöhlesi   çoýjak  ýaly  duýgular  gaplap  aldy.

Bu  durmuş. Adam  hemişe    arman-ýadaman  gözlegde bolsa,  üstünlik  oňa  hemra bolar. Täzelikleri  özüň  gözlemeli,  döretmeli. Gowy  görýän  zadyňa  öýkünjek  bolup, ömrüňi  oňa  sarp  etmeli  däl. Üstünligiň  açary bolan  sabyrlylygy  elden  bermejek  bolmaly.  Goý,  “Türkmenistan –Bitaraplygyň  mekany”  ýylynda  işjanlylygy, tutanýerliligi bilen  üstünlik  gazanýanlar  köpelsin!

Rahymberdi ÇARYÝEW,  harby  esger

Ýene-de okaň

Win 1000 Manats for the Word of the Year: Presented by Makul Sözlük

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure

Turkmenistan Approves State Program for Ensuring Aviation Security

Kazakhstan’s Ambassador visits western region of Turkmenistan

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?