GENERAL

Ulag baradaky arzuwym…

Men paýtagtymyzdaky ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýaryn. Talyplyk durmuşyda, men bu günem öňkilerim ýaly ýetişiksiz gara günde. Sapaklarymy tamamlap ýene şol öňki kitap okaýan ýerime, paýtagtymyzdaky baş kitaphana tarap ýola düşdim. Kellämde düýnki okamaga başlan kitabymdaky täsin wakalar aýlanyp durdy. Şol kitabyň özüne çekijiligi, meni tizden-tiz wakanyň yzyny okamaga iterýärdi. Ine-de awtobus duralgasyna geldim, ýöne oňa garaşyp kitaphana aşýançaň gürrüňiň ulusy bar. Ýeri bolýada awtobusam geler tagapyl et, ine ol gelýärem. Men özüm ýaly birnäçe talyplar bilen awtobusa mündim. Olaryň käbirleriniň ýüzlerinden ýylgyryş alamatlary görünse, käbirleriniň ýüzi aladaly görünýärdi. Göýä olaram men ýaly, durmuşlarynda üýtgeşik täsir galdyrjak bir waka howlugýan ýalydy. Awtobusyň aýnasyndan daşaryk ümsüm seredip barýardym. Gözim bir köne ulaga gabat gelmedi diýsem megerem meniň ýalňyşdygym bolmaz. Olar biri birinden owadandy hakyt gözüňi aýyrasyň gelenok. Göýä edil owadan gyza gözüň düşen ýalydy. Şol bada gapdalymyzdan bir gymmat bahaly awtoulag o diýen gaty bolmadyk tizlik bilen ozup geçdi. Men öz pikirlerim bilen gümradym. Onuň içinde üç sany ýaş ýigit bar eken. Men çalaja-da bolsa saýgaryp ýetişdim, olar hezil edip gülüşýärdiler. Şeýlelikde meniň ýüregimem özümdäki gizlin arzuw hyýallara kürsäp urdy. Pikirlerim çagalykdan bäri edip gelýän arzuwlarymyň birine çümüp gitdi. Meniň hem edil şonuň ýaly akja owadan ulagym bolsady, heziller edip sürsedim. Wah arman ol diýseň süýji arzuwdy ahyryn. Meniň akyl-huşum arzuwlarymyň derýasynda gulaçlap ýüzsede, gözlerim hälki ajaýyp ulagy yzarlaýardy. Entek ol gözden ýitjek dereje-de gaty bir uzaga gitmändi. Ýöne birden ýaňky ulag tagaşyksyz ýagdaýa düşip, haýallan ýaly etdi-de ýanýodadan çykyp togurlanyp beýleki ýola düşdi. Biz ulaga hasam golaýlaşdyk, hemmeler ulaga tarap ylgaşýardy.  Eý Alla! Ulag kül bolypdyr, ulagyň töwereginde gan syçrantgylary görünýärdi, megerem içindäkiler ölen bolsa gerek. Şeýlelikde meniň hälki ulag baradaky arzuwym, ajal baradaky oýlanmalara utgaşyp gitdi.

 

Mahal-mahal ölüm ýadyňa düşip,                           

Nebsiň apatyndan utanawergin,

Wagty gelse bolmaz ajaldan gaçyp,

Emma gara pälden gutulawergin.

 

Erke boýun bolmaz kakabaş ykbal,

Durmuş pikirleňden has ýokarrakdyr,

Käte ak diýeniň garamtyl çykýar,

Kä erbet öýdeniň ýüregi päkdir.

 

Edilýän arzuwlar bolsun mukaddes,

Maksadyň jellady bu goja pelek,

Hasap edeniň däl nesip edenden,

Başgasynyň bary bolaýýar telek.

Abdyrahman Orazmämmedow

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Ýene-de okaň

A telephone conversation of Foreign Ministers of Turkmenistan and Azerbaijan

“Makul Dictionary” Added to Stanford University Library Catalog

The State Flag of Turkmenistan and the Logo of the Arkadag Football Club Raised on the Highest Peak of Türkiye

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.