GENERAL

Täze ýyl konsertine 50 million adam tomaşa etdi

Onuň adyna Kristian Zielman diýýärler. Nemes driŽýor ýakynda Wena şäheriniň uly konsert merkezinde geçirilen baýramçylyk şowhunyna ýolbaşçylyk etdi. «Wiener Musikverein» diýlip atlandyrylýan bu merkez, aslynda, dünýäniň iň gowy konsert merkezleriniň biri. Bu ýerde indi 1939-njy ýyldan bäri Täze ýyl mynasybetli dabaraly konserti geçirmek däbe öwrülipdir. Göz öňünde tutulýan konsert asla kiçi-girim däl. Oňa şu ýyl 90 teleýaýlym arkaly 50 million adam tomaşa etdi.

Ilkinji gezek şeýle uly konserte ýolbaşçylyk edip görýän nemes driŽýor Wenanyň Filarmoniýa orkestri bilen tutuş bir ýyllap taýýarlyk gördi. Netijede bolsa, konsert hemmeleriň söýgüsini gazandy. Jadylaýjy aýdym-saz tomaşasynyň özüne-de köp zatlary bagyşlandygyny aýdan driŽýor pikirlerini, ine, şu sözler bilen paýlaşdy:

― Täsin, bütin durky bilen jada beslenen pursat. Boýun alýan, özüm ýolbaşçysy bolsam hem, men bu konsertden köp zat öwrendim. Konsertiň dowamynda diňe bir sazandalar driŽýora gulak asmaly däl-de, driŽýor hem olaryň diňlemegi başarmaly. Onda-da Wenanyň Filarmoniýa orkestri bilen işleýän bolsaň, üstüňe has uly borç düşýär.

Bu ýerdäki Täze ýyl konsertlerinde belli nemes kompozitory Ýohan Strausyň eserleri bilen birlikde döwrebap sazlary hem çalmak däbe öwrülipdir. Ýöne, näme üýtgeşme bolsa-da, indi 80 ýyl bäri yzygiderli geçirilip gelýän konsertleriň biri hem Strausyň «Die Tänzerin» («Tansçy») eseri çalynmazdan geçenok. Bu eser bu konsertleriň senasyna öwrülip gidipdir.

Ýene-de okaň

Turkmenistan Pavilion at EXPO 2025 in Osaka Attracted Over a Million Visitors

Turkmen-Japanese Business Forum held in Osaka

Iran to Launch Three New Rail Connections to Neighboring Countries

Free training opportunity for women interested in entrepreneurship

Ambassador H. Amannazarov met with State Secretary of the Austria

Ambassador H.Amannazarov met with IAEA Director General Rafael Grossi