GENERAL

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary tamamlandy

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjiniň duşuşugy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr etiniň önümçiligi boýunça «Ysyokuniku» zawodyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Wagýunyň aýratyn alnan görnüşinden alynýan meşhur mermer etiniň önümçiliginiň aýratynlyklary bilen tanyş boldular, mälim bolşy ýaly ýaponlar etiň bu görnüşini özleriniň milli gymmatlygy diýip hasaplaýarlar.  

Şeýle hem Tendo şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti üljäniň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen meşgullanýn ýyladyşhana bardylar. Bu ýerde türkmen wekiliýetiniň agzalaryna üljäniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman we öňdebaryjy usullary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi. 

Wekiliýetiň agzalary şeýle hem Ýamagata prefekturasynda ýerleşen «Nagominousan» fermasyna baryp gördüler, olar bu ýokary tehnologiki agrar toplumynyň işi we gurluşy bilen jikme-jik tanyş boldular. 

2019-njy ýylyň 28-nji martynda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tokio şäheriniň Gubernatory hanym Ýuriko Koikeniň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler. 

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Odaýbada ýerleşen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň robot-tehnika merkezine bardy, bu ýerde  «Kawasaki» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň görkezilişi geçirildi. Bu senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon korporasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler. Taraplar häzirki wagtda Ahal welaýatynda gurulýan tebigy gazdan benziniň önümçiligi boýunça zadowyň Türkmenistanyň häzirki zaman ösen gazhimiýa toplumlarynyň biri boljakdygyny nygtadylar. Ýapon tarapy Türkmenistanyň bazarynyň dürli ulgamlarynda özüniň gatnaşygyny geljekde hem giňeltmäge ynam bildirdi. 

Ýene-de okaň

The Central Asia–China Gas Pipeline: 500+ billion cubic meters of clean energy and millions of tons of reduced emissions

Turkmenistan and China signed a memorandum in the energy sector

The EBRD invested over €333 million in 87 projects in Turkmenistan

Russian Experts to Assess Population Immunity in Turkmenistan

CIS Road Builders Meeting: a new stage of co-operation in infrastructure development

Turkmen Anau concludes year as Cultural capital of the Turkic world – Aktau, Kazakhstan, takes over the baton