GENERAL

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümindäki täzelikler

2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde guramaçylyk wezipelerine hem seredildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada birnäçe Permanlara gol çekdi.

MINISTRLER KABINETINI√Ö‚İ BAşLYGYNY√Ö‚İ ORUNBASARLARY BOÝUNÇA

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary derejesinde birnäçe üýtgetmeler girizildi.

  • Maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän Goçmyrat Myradow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinde işlän Gadyrgeldi Müşşikow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Ministrler Kabinetinde senagat toplumy, ulag we kommunikasiýa toplumyndan aýryldy.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine bellendi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine şamuhammet Durdylyýew bellendi we ol Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

MINISTRLIKLER WE PUDAKLAÝYN EDARALAR BOÝUNÇA

  • Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine şol edaranyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Durdyly Durdylyýew bellendi.
  • Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Täze döredilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine Serdar Berdimuhamedow bellendi we ol Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Ezizgeldi Annamuhammedow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellendi.
  •  Rahym Gandymow Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellendi.
  • Täzeden döredilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Ogulhajat Işangulyýewa bellendi we ol Türkmenistanyň Dokma senagaty ministriniň orunbasary wezipesindne boşadyldy.
  • Güzgeldi Baýjanow Türkmenistanyň Suw hojalyk döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellendi.
  • G.Baýgeldiýew Türkmenistanyň “Türkmennebit”  döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi we ol şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

HÄKIMLER BOÝUNÇA                                                           

  • Balkan welaýatynyň häkimi Ýaztagan Gylyjow Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine bellendi.
  • Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.
  • şöhrat Amangeldiýew Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.
  •  Ýazmuhammet Gurbanow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.

Ýene-de okaň

The National Leader of the Turkmen people held telephone talks with the President of Kazakhstan

A new modern office building of the Migration Service was opened in Kerki district

Preparations for the Second Central Asia-Russia Interparliamentary Forum start

International Forum to Attract Foreign Investments in Turkmenistan’s Economy will take place in Kuala Lumpur, Malaysia, on 23–24 April 2025

The National Leader of the Turkmen people visited Monaco

Bouygues confirmed its interest in developing cooperation with Turkmenistan