GENERAL

Türkmenistanyň DIM-de Yapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. «Komatsu» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň meselelerine seredilip geçildi. Şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky («JBIC») bilen gatnaşyk etmek arkaly gaz ulgamynda we himiýa senagatynda bilelikdäki maýa goýumlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar degişli Teswirnama gol çekdiler.

Şeýle hem 2018-nji ýylyň oktýabrynda ýokary derejedäki türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýada saparda bolandygyny we saparyň barşynda söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp geçmek wajypdyr.

Ýene-de okaň

“Turkmen national costumes were showcased in France

Tajikistan Presents Free Economic Zone Opportunities to Turkmen Businesses

Turkmen-Azerbaijani customs cooperation was discussed

Cappadocia celebrates its equestrian heritage with the ‘2nd Cappadocia Horse and Equestrian Culture Festival’

Turkmenistan Increases Cross-Border Cargo Turnover

A confident step toward a green future: Eco-festival held in the capital