GENERAL

Türkmenistan:Resmi habarlar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň pudagara algy-bergilerini hasaplaşmak we olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 192 million manat möçberde ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji kararyna laýyklykda, ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 10 — 13-nji marty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary berkitmek hem-de ösdürmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Ýene-de okaň

An International Conference dedicated to Turkmenistan’s Independence Day was held in Ankara

UNGA: President of Turkmenistan Proposes World Summit for Peace and Trust and ‘Digital Integration’ Platform

President of Turkmenistan Meets with UN Secretary-General António Guterres

Follow Turkmenistan’s diplomatic missions on social media

President of Turkmenistan attended the High-level Meeting to Commemorate the 80th Anniversary of the United Nations

World Leaders Congratulate the President of Turkmenistan on His Birthday