GENERAL

Türkmenistanda 2020-nji ýylda 2100 tonna pile öndüriler

Türkmenistanda dokma senagaty pudagy üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Her ýyl ýurdumyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 8-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylda ýurdumyz boýunça pile taýýarlamak babatda degişli Karara gol çekdi. şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2020-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşyp, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün eder.

Ýene-de okaň

A telephone conversation of the Foreign Ministries of Turkmenistan and San Marino

Turkmenistan prepares for its WTO accession process

Turkmenistan’s Ministry of Health and the Gurbanguly Berdimuhamedov Charitable Foundation Sign Agreement

New Oil Product Loading Terminal Opens in Turkmenistan

Chinese Company Completes Modernization of Locomotives for Turkmenistan Railways

Foreign Ministers of Turkmenistan and Tunisia held a telephone conversation