GENERAL

Türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we köptaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp geçdiler. Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini aýdyp, myhman türkmen paýtagtynyň ajaýyplygyny belledi.

Soňra taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň özara saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýandygy bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda koreý tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ol geljek aýda Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändir. Bu mazmunda taraplar bu sapara taýýarlyk bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Has takygy, saparyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň bukjasyna seredildi. Şeýle hem nobatdaky saparyň guramaçylyk-protokol meselelerine garalyp geçildi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Koreýa Respublikasynyň işjeň hyzmatdaşlyk etmek isleýän türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry bellenilip geçildi. Olar – suw, ulag we energetika diplomadiýasydyr. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary we koreý tarapynyň bu ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy nygtaldy. 

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işeleriniň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy, olar ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän we gaz-himiýa toplumlarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandyrlar. Şunuň bilen baglylykda şu ýylyň başynda geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý Hökümetara toparynyň üstünlikli geçirilen mejlisi ýatlanylyp geçildi.

Medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň etmek bilen taraplar bu ugurdaky oňyn ädimleri, has takygy ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdeplerinde koreý dilini okatmak boýunça maksatnamalaryň girizilmegine görülýän taýýarlyk barada nygtap geçdiler.

Öz saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan hem kabul edilendigini hem bellenilip geçilmelidir. Gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ýene-de okaň

Meeting of the Ambassador of Turkmenistan at the Ministry of Foreign Affairs of Georgia

Turkmen Scholar from California: The Makul Dictionary serves as a common reference point for Turkmens worldwide.

The Embassy of Turkmenistan in Islamabad hosts a Golf Tournament and a Gala Reception to celebrate the 34th Anniversary of Independence of Turkmenistan

A briefing was held at the Embassy of Turkmenistan in the Republic of Uzbekistan

A conference dedicated to the 34th anniversary of Turkmenistan’s Independence was held at the ECO Cultural Institute in Tehran

International Conference Dedicated to the International Year of Peace and Trust Convened in Bishkek