GENERAL

Türkmen Döwlet Medeniýet instituty okuwa çagyrýar

Türkmen Döwlet Medeniýet instituty gysga möhletli tölegli okuwlara kabul edilişik yglan edýär:

1. Drama we kino artisti 10 aý

2. ReŽissura (medeni çäreleri guraýjy) 10 aý

3. Tans sungaty 10 aý

4. Teleradiogepleşikleri alyp barmak ussatlygy 10 aý

5. Kitaphana işini guraýjy 10 aý

6. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi 10 aý

7. Kompýuter sowatlylygy 3 aý.

Okuwlar tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäheriniň Kemine köçesiniň 79-njy jaýynda (Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry) 2019-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Resmi kagyzlarynyň sanawy:

 

1. Pasportuň asyl nusgasy we göçürmesi.

2. Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň asyl nusgasy we göçürmesi.

3. Saglyk barada kepilnama.

4. Soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama.

5. Maşgala ýagdaýy barada kepilnama.

6. Ölçegi 3×4 sm bolan 4 sany fotosurat.

7. Zähmet depderçesi (işleýänler üçin tassyklanan göçürmesi) ýa-da işlemeýänligi barada güwänama.

8. Harby şahadatnama ýa-da hasaba alyş şahadatnamasynyň asyl nusgasy we göçürmesi.

9. Şahsy maglumat.

 

Habarlaşmak üçin telefon: 94-25-70.

Ýene-de okaň

The State Flag of Turkmenistan and the Logo of the Arkadag Football Club Raised on the Highest Peak of Türkiye

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.

National Leader of Turkmenistan Expresses Condolences to the President of Iran

Turkmenistan Airlines Suspends Flights to Dubai and Jeddah