GENERAL

Toý

Bu gün iň gowy dostumyň toýy. Goşa gumry ýaly bolup oturan ýaşlary görmäge göz gerekdi. Goşar sagadymyň aşagyndaky ýara yzyny sypalap,toý tutup oturan ýaş juwanlar bilen baglanyşykly bolan wakany  ýatlaman durup bilmedim.

Kärende ýerimde gowaçalara suw tutmak işlerini tamamlap, Gün batyberende öýe geldim. Uzynly günüň hysyrdysy mazaly ýadadypdy. Ýuwunyp-ardynyp agşamlyk naharyny edindim. Birdenem el telefonyma jaň gelýär. Seretsem, dostum  Eziz jaň edýär.

─ Salam Döwran , ýagdaýlaryň gowumy?

─ Salam Eziz, giç ýagşy! Gowy Hudaýa şükür. Öz ýagdaýlaryň nähili?

─ Meniň hal-ahwalyma saňa bagly dost, tiziräk gelip halas etmeseň-ä, nähili güne düşjegimi göz öňüne getirmäge-de gorkýan.

─ Eýgilikmi bir how?! Näme boldy beýle?

─ Bu gün duşuşyga gaýdypdym. Aýnuryň agalarynyň biri meni görüpdir. Häzirem  gözleýärler ýer ýykyp. Basymrak gelip meni alyp gidäýmeseň , gowulyga ýok. Uly bir erik agajyna çykyp, gizlenip otyryn şu wagt hem.

─ Bolýa duran ýeriňden gymyldama hiç ýana, men barýan. -diýip telefony öçürdim. Bararyn diýip söz bermesine-hä söz berdimm, ýöne bir hili özümem Aýnuryň agalaryndan çekinmän duramok. Sebäbi ortany baglap ýören men diýen pälwanlar. Tutaýsalar  dagy edil körüň eline bit düşen ýaly ederler.

Aýnuryň üç agasy bar. Olaryň obasy biziň obamyzdan onçakly uzak däl.  3 kilometr  çemesi aralygy geçmeli bolýar. Täze motosikl alanyma 3 aý bolupdy. Ýagyny-ýangyjyny barlap, nähili  ýagdaý bolanda-da  Hudaýy çagyryp, ýola düşdüm. Eziziň salgy beren ýerini, gizlenip duran erik agajyna  ýetiberen wagtym, garaňky we çolaja ýerde ulagymy gizledim-de şol garry erigiň ýanyna  bardym. Eziziň adyny tutup, ýuwaş ses bilen gygyranym hem şoldy welin, egnimden agyr eliň kakanyny duýdum. Zähräm ýarylan ýaly bolup yza seretdim. Birdenem gözümden ot çykyp gitdi. Şol wagt hamala otly kakan ýaly boldy. Az salymdan  beýleki agalary hem geldiler. Özümi dürsäp, ökjäni götermek pikirimden-ä el üzäýmeli boldy. Üç dogan hezil etdiler, edil futbol pökgisini depýän ýaly. Ahyr depip-urup bizar bolanlaryndan soň meni ýerden galdyryp  telefonyň yşygyna ýüzüme seretdiler. Görseler olaryň eline düşeni gözlenilýän däl-de, başga biri. Doganlaryň  iň ulusy Arslan pälwan ady bilen tanalýan meni tanady. Onuň sebäbi hem daýym bilen bir edarada işleýärdiler.

Tiz wagtyň içinde şu obadan gitmek şertini goýup, ýalňyşlyk bilen urulanym üçinem bagyşlamagymy sorap meni goýberdiler. Ulagymy goýan ýerime zordan diýen ýaly geldim.Bir görsem Eziz ýylgyryp dur motosikliň ýanynda. Gaharyma ýerde ýatan ýumruk ýaly daş bilen maňlaýyny ýaraýasym geldi, emma şoňada  güýç  ýokdy. Ulagy Ezize sürdürip öýe geldik. Bolan zatlar üçin ol ötünç sorap, öýlerine gaýtdy.  

Ertir ir bilen oýanan badyma endam-janymyň agyrysyndan ýaňa ýerimden galmak gaty kyn boldy.Aýnanyň öňüne gelip seredenimde tas özümden gidipdim. Ýüzümiň çişinden ýaňa  çep gözüm açylanok. Bir begenen zadym hemme dişlerim ýerinde. Agyrylar aýrylyp, gowy özüme gelýänçäm bir hepde töweregi wagt gerek boldy.

Şol wakadan iki aý geçip-geçmänkä Eziz maňa toý çakylygyny gowşurdy…  

Ýagmyrow Döwletgeldi 

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

       

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council