GENERAL

Siz nähili gülýärsiňiz?

Adamyň nähili gülýändigini synlap hem ol barada pikir öwrüp ýa-da şol gülkiniň eýesi özi barada käbir zatlary bilip bilýär. Geliň, has takyk maglumatlara ýüzleneliň!

1. Güleniňizde eliňiz bilen agzyňyzy ýapýarsyňyzmy? şeýle bolsa, öz güýjüňize doly ynamyňyz ýokdur. Köpçülikden çeträkde bolmagy halaýansyňyz. Bizden maslahat: tankytdan we içki gaýgydan goranjak boluň!

2. Güleniňizde kelläňizi arkan galdyrýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, size ynanjaň adam diýip bolar. Häsiýetiňiz hem juda sahydyr. Käte bolsa başgalaryň göwni üçin öz ukyplaryňyza laýyk gelmeýän iş bilen meşgullanýarsyňyz. Size akylyňyza köpräk geňeşmek maslahat berilýär.

3. Güleniňizde eliňizi ýüzüňize ýa-da kelläňize degirýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, siz hyýalkeş adamsyňyz. Bu, elbetde, ýaman häsiýet däl. Başa barmajak işleri hem hyýal güýjüniň kömegi bilen amala aşyryp bilersiňiz. Ýöne käte durmuşa bolşy ýaly seredip, hakykatdan hem bir gün öňüňizden çykyp biljek ýagdaýlar bilen meşgullanyň!

4. Güleniňizde burnuňyzy ýygyrýarsyňyzmy? şeýle bolsa, bu siziň pikirleriňiziň we garaýyşlaryňyzyň ýygy-ýygydan üýtgäp durýandygyny görkezýär. Üstesine-de siz aşa duýguçyl we ynjyk bolup bilersiňiz. Häsiýetiňiziň we bolşuňyzyň tiz üýtgemegi töwerekdäkilerde hem siz barada ýaramaz täsir döredip biler.

5. Agzyňyzy açyp, gaty ses bilen gülýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, siz durmuşda işjeň we gyzykly adamsyňyz. Ýöne käbir ýerde özüňize erk etmek, oýlanyp gürlemek hem maslahat berilýär.

6. Ýuwaşlyk bilen, kelläňizi hem aşak egip gülýärsiňizmi? şeýle bolsa, sizden wyJdanly, sizden mähriban adamy tapaýmak kyn. Siz kynçylykly pursatlardan baş alyp çykmaga hem ökde. Siziň duýgularyňyz we işleriňiz hemişe öz gözegçiligiňizdedir.

7. Güleniňizde diliňizi dişleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, näçe ýaşan hem bolsaňyz, siz häzir hem ýaşlykdaky duýgularyňyz bilen ýaşaýansyňyz. şol sebäpli hem käbir işlere oýlanyşyksyz çemeleşmegiňiz hem mümkin.

8. Güleniňizde gözleriňizi ýumýarsyňyzmy? Eger bu sowala «Hawa» diýip jogap berýän bolsaňyz, sizde hem özüňize bolan ynam heniz pesräk. Käbir işde bolsa belli bir karara gelip bilmän, akylyňyza köpräk geňeşeniňizi kem göreňizok. Ýöne özüňizden we töwerekdäkilerden talap edijiligi biraz güýçlendirmeli.

9. Siziň gülişiňiz üýtgäp durýarmy? şeýle bolsa, siz pikire daýanyp iş etmegi gowy görýän adamsyňyz. Bu gowy zat, ýöne hemmeleriň siz bilen pikirdeş bolup biljekdigi gümana.

Ýene-de okaň

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure

Turkmenistan Approves State Program for Ensuring Aviation Security

Kazakhstan’s Ambassador visits western region of Turkmenistan

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy