GENERAL

Seniň gülleriň

 Ellerimde söýgüniň ajap syrlaryny wada berip duran zerewşan gülleriň gözelligi töwerege müş ysyny paýlap durdy. Göýa, şu gün baharyň ilkinji günüdigini hem şol güller buşlaýan ýalydy. Ol güllerde yhlas bilen çekilen zähmet görünýärdi. Men heniz seniň nurana keşbiňi tanamaýarkam hem şol güllere gözügidijilik bilen seredýärdim. Her gün işden gaýdanymda päkize ýodalaryň gyrasyna görk berip duran şol güllere öz ýanymdan «bu güller söýgi gülleri» diýerdim. Ýöne, şol gülleriň gollarymda goýnuma dolan müşk ysynyň meni söýgüden gurulan bagt köşgüniň bosagasyna getirjeginden asla habarym ýokdy.

         Bu waka bolsa näçe wagt geçse-de şu wagtky ýaly ýadymda. Men «öýe barýan ýollar, nurana ýollar» diýip, töweregmi synlap assaja ädimlap barýardym. Şo barmanada hemişe gül-pürçük bolup oturan güllere yhlas bilen ideg edip ýören seniň nurana keşbiňe gözüm düşdi. Mundan soň-a güllere bolan söýgim has-da möwç alyp ugrady. Çünki ol güllere yhlas bilen ideg edýän Watanymyň gerçek ogly, sen bardyň. Ol güller bolsa gün günden gözelleşip, söýgüniň yşkdan biçilen zerewşan donuny geýen Aşgabadymyzyň gül keşbine gözellik çaýýardy. Şol günden soň bolsa arzuwlar ummanynyň goýnunda isleglerimiň hasyl bolýan kenaryna ýetmäge howlukdym. Bir gün şol bir gidýän ýolumdan gitmän öýe çaltrak barmak maksady bilen ýolumy üýtgetmekçi boldum. Emma ýöräp ugranymam şoldy welin, yzymdan biriniň sesi eşdildi. Ilki özüme diýilýändir öýtmän ýöräp ugradym. Emma ses gitdigiçe golaýlaşyp ugrady.

  • Salam, neme, siz näme bu gün ýoluňyzy üýtgedipsiňiz? Sen bu sözleri zordan aýdyp ýygryljyrap nämedir bir zatdan çekinýän ýaly ýere bakdyň. Men bolsa, bu bolýan zatlara düşünmän soragly garadym.
  • Näme siz hälden bäri meniň yzymdan gygyrdyňyzmy? Ýogsada, siz meni nireden tanaýaňyz?
  • Men  her gün siziň gatnaýan ýoluňyzdaky güllere ideg edýärdim. Şonda siziň gül görküňiz meni bendi etdi. Şondan bäri hem her gün sizi görmek üçin şu ýere gelýärin. Men seniň mähirden hem söýgüden doly gara gözleriňe haýran galdym. Şo pursat içimden sen hakda edip oturan pikirlerimi hem ýene seniň sözleriň böldi.  
  • Bagyşlaň, sizden bir zat haýyş etsem bolýarmy? Garşy bolmasaňyz, ýörüň ýene şol öňki, mähriban hemem bizi ilkinji gezek duşuran gülli ýodadan gaýdalyň! Men razy bolup gaýtdym. Ýolda bolsa süýji-süýji gürrüňler etdik. Men ýolda owadan edip bogulan çemenleri bezelip goýulan gül dükanyna seretdim. Şol owadan çemenden birini alasym geldi. Ýöne näme üçindir seniň meniň ýanyma özüň bagban bolsaňam eliň gülsüz gelmegiň täsindi. Bolmasa ikimizi duşuran şol owadan ak bägüllerdigini sen bilýärdiň ahyry. Garaz şeýle pikirler bilen biz şol arzyly menzile ýetdik. Gözlerime ynanmadym. Mundan aňryk tä öýümiziň bosagasyna çenli ýöräp barýan ýanýodamyň gyrasy ak bägüller bilen bezelipdir. Gözlerime dolan begenç gözýaşlarymy gizläp bilmedim. Sen bolsa, yhlas bilen ýetişdiren gülleriňden bogan çemeniňi maňa uzatdyň. Tolgunmakdan ýaňa sandyraýan gollarym gülleri gaçyrmazlyk üçin berk gysymlaýardy. Gözýaşlarymy bolsa, merdemsi hemem ene topragyň ysy burk urýan barmaklaryň syldy. Seniň söýgiň barada gujagyma dolan gülleriň ýerleşdirilişini görüp näme diýmekçi bolýandygyňa düşündim. Daş-töweregimde çym gyzyl bägüller, edil merkezinde bolsa üç sany ak bägül bardy. Munuň terjimesi bolsa «men seni söýýän» diýmekdi. Sen ony aýtmasaň hem men ony eýýäm aňypdym. Sebäbi men muny bir wagt heniz çagarakkam, gülleriň hem gözellikleriň syrlaryna kän bir döwürlerimbir sebäp bilen gül dükanynyň ýanyndan geçip barýarkam, gül aljak bolup duran ýigide satyjy zenanyň aýdanyny eşidipdim. Şondan bäri hem şol gülleriň aşygy boldum. Ine, bu gün bolsa baharyň ilkinji güni zerewşan gülleri goýnuma gysyp onuň meŽnun edýän ysyndan ganyp bilmän seniň magşugyň boldum.

         —Baýramyň bilen Bahar! Ýöne bahar pasly ýaly däl-de müdümi bol! Goý, bizi duşuran bu ýoda indiki baharda ýolumyza ak bägülleri düşäp, bagt köşgüne uzasyn!

Seniň daşyňdan, meniň bolsa içimden eden bu dileglerimiz Arşda asman melekleri tarapyndan amal eýlenip bagt köşgüne getirdi. Ine, bu gün bolsa hem baharyň ilkinji güni gyzyl güller bilen beslenen ak ulagdan bagtdan ýaňa uçganaklaýan gara gözleriňi güldürip, sen geldiň. Elleriňde bolsa hut özýetişdiren bägülleriňden bogan ullakan çemeniň bardy. Ol gülleri sen maňa minnetdarlyk bildirip uzatdyň.

—Baýramyň bilen Baharjan. Bu güller hem saňa. Senem meniň sowgadymy berdä! Men gujagymdaky ak gundaga dolanan gyzjagazymyzy gujagyňa berdim. Men gujagymdaky bägülleri bagryma basyp ysgadym. Birdenem gülleriň goýluşyna gözüm düşdi. Tutuş ak bägülleriň merkezinde dört sany gyzyl bägül bardy. Başymy galdyranymda bolsa gujurly gollaryň bilen bagryňa basyp gyzjagazymyzy ganman ysgaýan keşbiňi görüp seni maňa duşuran senli günlerime şükür etdim. Bu gezek gözlerimden gaýydýan söýgi damjalaryny ilkinji perzendimiz Ýazgüljan süpürýärdi. Sen bolsa bu dünýä söýgi bilen bakýan gözleriňi gyzjagazyňdan aýyrman duran ýeriňde oňa ozaldan niýetläp ýören adyňy goýduň. Baharym, biziň eýýäm üç sany gülümiz bar. Ýazgül, Aýgül, Arzygül. Bu günem baharyň ilkinji güni. Has dogrusy seniň doglan günüň. Goý, bu gyzjagazymyzyň ady Bägül bolsun! Sen bu sözleri gyzjagazlarymyza, durmuşa, birnäçe maşgalalara güljagazlary paýlaýan ak mermere bürenen bäbekhana bolan söýgiň bilen aýtdyň. Howlymyzyň deňinde saklanan ulagdan düşüp, öýümize girýänçäk ýanýodada ýetişdiren al öwüsýän gülleriň deňinden ýöräp tä öýümize girýänçäk göz guwanjymyz bolan gyzjagazlarymyzyň jagyl-jugulyna goşulyp şahyryň şu setirlerini buýsanç bilen taýly gezek gaýtaladyň.

«Dört gyzym, dört nury didäm,

Gulak goýuň sözlerime,

Dört ogul deý, dört iner deý,

Kuwwat beriň dyzlaryma.

 

Biriň Ýazym, biriň Arzym.

Abadym, şäherim meniň.

Dört diregim dört pasylym.

Baryňam baharym meniň.

 

Yhlas bilen dileýärin,

Ýüze sylyp günüm Aýym.

Size giň dünýäde abraý,

Miýesser etsin ylaýym!»

 

Ine, indi ýylyň ýylyna bellenilýän halkara zenanlar baýramyny maşgalamyz bolup gülleriň hem gözelleriň baýramy hökmünde belleýäris. Çyn söýginiň söýgi gülleri meni saňa duşuran, bize bu bagtyýarlygy peşgeş beren şol seniň gülleriň ahyry!

Nurşat Narlyýewa, Žurnalist.       

 

 

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification