GENERAL

«Samsung Galaxy A50» arzanlaýar

«Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy A» tapgyrynyň Ýer ýüzündäki meşhurlygy barha artýar. Şonuň üçin hem kompaniýa bu tapgyryň täze wekillerini yzygiderli çykaryp dur. Şol bir wagtyň özünde-de ozalky «Galaxy A»-lar assa-ýuwaşdan arzanlap hem barýar. Arzanlamak nobaty täsinlikleri bilen özüne bendi eden «Galaxy A50»-ä-de gelip ýetdi diýip «Terabaýt» saýty habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, «A50»-niň ilkinji arzanlar ýeri Hindistan bazarlary boldy. Aýdylyşyna görä, häzir «A50»-li bolmak ozalkysyndan 22 dollar arzan. Bu gürrüň 4 gigabaýt wagtlaýyn ýady we 64 gigabaýta deň hemişelik ýady bolan «A50»-lere degişli. Wagtlaýyn ýady 6 gigabaýltlyk «A50» bolsa ozalkysyndan 36 dollar arzanlady. Hawa, garaşyberiň, bu entek başlangyjy!

Related posts

Turkmenistan Launches First Customs Regulations Mobile App

Navaz Şarif ve Berdimuhamedov baş başa görüşme yaptılar

vepa

Turkmenistan, Kazakhstan and Uzbekistan signed a trilateral document

vepa