GENERAL

Sabyr ediň gardaşlar bolýan işe serediň

Owal yhlas dälmidir sokur gözi nem eden,

Ähli işiň gözbaşy, üstünligi döreden,

Goýmaweriň gaýraty, ýany bilen ýörediň,

Sabyr ediň gardaşlar, bolýan işe serediň.

Sportuň göreş görnüşine bolan höwesim entek kiçi çagakam möwç urupdy. Köçämiziň goňşy oglanlaryny goýman, garşydaş bolup, göreşmeklerini häli şindi islär durardym. Olar bolsa köplenç meniň raýymy ýykmajak bolup çalyşsalar, köplenjem: “Ahmet besdir seň bilen tutluşyp durmakdan örän ýadadym” ýa-da  “Ahmet sen şäherdäki ýörite sport merkezlerine gatnaýmaly-da!” diýýänlerem köpdi. Hawa muny men hem isleýärdim, emma men we iki gyz jigilerim entek kiçi ýaşymyzdakak aradan çykan kakamyzyň yzynda ýalňyz galan hassa ejem bu islegimi ýerine ýetirip biljek däldi. Ejem uzak wagtdan bäri agyr hassalyga duçar bolupdy. Şonuň üçin şähere gatnap, sport bilen meşgullanmak barada dil hem ýarmadym. Çünki hassa ejem ýalňyz başyna maşgalanyň gün-güzeranyny dolandyryp bilmeýärdi. Men bolsa, mal-gara, ekerançylyk bilen meşgul bolýardym. Muňa garamazdan, mekdebimizde gurnalýan sport çärelerine gatnaşyp, göreşden baýragy elmydama özüm alýardym. Mundan daşary hem toýdur-tomaşalarda gurnalýan göreş tutluşyklaryna gatnaşyp, öýe sowgat-serpaý bilen baran wagtym az bolmady. Emma ýüregimde beslän, baş maksadym bolan dünýä çempiony bolmaklygy, ýurdumyzy dünýä ýüzünde tanatmaklygy amala aşyryp bilmeýänligime gynanýardym.

Ýyllar geçip men ýigrimi bäş ýaşymy doldurdym. Göwün söýen ýaryma öýlenmek bagty nesip etdi. Içimdäki hyýalymy indi oglum bolsa, şol amala aşyrar umydy döräpdi. Dünýä inen ilkinji çagam gyzdy. Soňra bolsa, ýene üç gyzym boldy. Gözümiň nury gyzlarymy örän gowy görýärdim, emma olar meniň maksadymy amala aşmajagyna ynanyp, çempionlyk meýlimden bütinleý el üzüpdim.

Ýöne durmuşyň geňligini diýsene, günlerde bir gün 5-nji synpda okaýan, uly gyzym Şemşat özünden iki ýaş uly oglan bilen düşünişmezlik döränligi sebäpli tutluşyp, onuň bedenine şikes salypdyr. Bu waka meniň gaharymy getirse-de, mende gyzym Şemşadyň özüni alyp barşyndaky aýratynlyklara syn etme mümkinçiligini döretdi. Şemşatda men özümi görýärdim. Hereketjeň, telewizorda göreş, boks ýaly sport oýunlaryna tomaşa edýärdi. Köplenjem öz başyna türgenlere öýkünip hereket edýärdi.

Men bir zada gowy düşünýärdim, eger durmuşda maksat edinip, üstünlik gazanmak isleseň, muny seniň ataň-eneň ýa-da başga biri däl, ilki özüň çyn ýürekden islemeli. Şonuň üçinem bir gün Şemşat  bilen söhbetdeş bolup, onuň ähli maksat-myratlary barada soradym. Ol bolsa ikirjiňlenip, utanyp: “ Kaka jan men sport bilen meşgullanmagy halaýan. Has dogrusy göreş tutluşygyny görüp, telewizordaky göreş boýunça ýeňiji bolup, dünýä ýüzüne öz ýurduny tanadýan gyzlar ýaly başarjaň, göreş ugrundan ukyply bolasym gelýär. Emma muny saňa aýtmaga çekinýärdim. Çünki biziň obamyzda entek gyz maşgalanyň göreş tutluşyp göreni ýok ahyry. Siz hem hiç wagt muňa razylyk bermersiňiz diýip çekinýärdim” diýip, çekinjeňlik bilen aşak bakdy.

Men bolsa öz ýanymdan begendim. Çünki arzuwymy amala aşyrmak, dünýä çempionatlygyna gatnaşmak maňa nesip etmese-de, zürýadymy bu ugurda kämilleşdirerin, onuň güýçli türgen bolmagyna goltgy bererin diýip hyýallansam-da, belki zürýadym durmuşda başga bir ugurlarda kämilleşmek islär, sport, göreş türgeni bolmaklyk aklyna hem gelmez diýen pikir bolsa meni biynjalyk etmän duranokdy. Şonuň üçin Şemşatdan beýle zatlary eşitmekligim hem-de onuň höwesiniň barlygyny bilmekligim meni begendirmeklik bilen birlikde, haýran hem galdyrypdy. Şeýle hem, hakykatdan-da, biziň obamyzda gyz maşgalanyň entek göreş bilen meşgullanýany ýokdy. Şemşat belki-de köpçüligiň haýranlyk we geň galma nazary bilen bakyşlaryna sezewar boljakdy,emma, adam saglygy üçin peýdaly bolan sport bilen diňe bir meşgul bolman oňa ýaş nesli höweslendirmeklik, Watanyňy dünýä tanatmaklyk hiç hili çekinmeli ýagdaý däldir. Şonuň üçin Şemşady bu ugurda kämilleşdirmek gerekdi. Onuň ilkinji mugallymy özüm boldum. Soňra ony şäherdäki sport mekdeplerine ýazdyrdym. Gyzymyň eden gaýraty, höwesi bilen aradan birnäçe ýyllar geçip, dünýä çempionatlyk ýaryşynda 1-nji orny aldy. Ýurdumyzyň döwlet senasyny ähli dünýäniň öňüne ýaňlandyrdy. Ähli kişi ör turyp, biziň döwlet senamyzy guwanç bilen diňlediler. Şeýdip, ol ilki öz, soňra meniň maksadymy amala aşyrdy.

Uly ýa-da kiçiligine seretmezden göwnüňde beslän maksadyňa ýetmeklik üstünlikdir. Üstünlik bolsa, tötänlik bilen gabat gelýän bir zat bolman, eýsem, eden hyjuwyň,gaýratyň,ugruna bagyş eden gymmatlygyň, iň möhümi hem isleýän zadyňa bolan söýgiň bilen alan netijäňdir. Şeýle-de, şertler ýa düzgünler bilen üstünligiň çägini kesgitläp bolmaýar, ýöne üstünlige eltýän ýoluň bolsa özüne degişli şert we düzgünleri bar. Bu şert we düzgünleriň gysgaça beýany hem yhlas, gaýrat we sabyrdyr. Üstünlige ýetmek üçin ilki yhlas soňra arman-ýadaman gaýrat etseň-de, ol seniň garaşýan wagtyňda gelmän biler. Ýöne sen ruhdan düşmän, sabyr bilen birlik-de gaýratyňy dowam etseň, bir gün ol saňa garaşylmadyk ýollar bilen geler.

Nowbahar SARYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council