GENERAL

Nýu-Ýork ― dünýäniň tehnologiýa şäheri

Angliýanyň halkara maslahat beriş guramasy bolan «Savillisiň» her ýyl düzýän «World Best Tech Cities» sanawynyň 2019-njy ýyldaky tapgyrynda birinji orny ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri eýeledi. Ol ozalky sanawlarda öňdeligi hiç kime bermän gelýän San-Fransiskony hem bu gezek yzda galdyrdy.

Dünýäniň tehnologiýa şäherleriniň sanawyna her ýyl 30 şäher girizilýär. Olaryň 100 sany aýratynlygyna görä baha berilýär. Elbetde, bu aýratynlyklaryň ählisi hem tehnologiýa bilen baglydyr. Üns berilýän ugurlaryň arasynda tehnologiýa üçin maýa goýumlar, işdäki ýeňillik, tehnologiýanyň ýaşaýyşa täsiri, tehnologik binýat, tehnologiýanyň şäherdäki ölçegi, şäheriň bilim derejesi, tehnolgik gözlegleriň gürlügi ýa seýrekligi, olarda gazanylýan başarnyklar ýaly aýratynlyklar bar.

Sanawda ikinji orny San-Fransisko, üçünji orny London şäherleri eýeledi. Sanawda Günorta Afrikadan Keýptaun, Çiliden Santiago, Argentinada Buenos-Aýres ýaly şäherler hem bar.

Nýu-Ýorkda bu sanawyň başyny çekmäge käbir sebäpler bar. Mysal üçin, geçen ýylyň noýabr aýynda «Amazon» elektron söwda kompaniýasy bu ýerde 25 müň adamy iş bilen üpjün etjek täjirçilik merkezini gurdy. «Google», «Apple» ýaly kompaniýalar hem Nýu-Ýorkdaky edaralaryny ulaldýarlar.

Ýene-de okaň

Cooperation Discussed on the “Karabakh” and “Akhal-Teke” Horses

The synchronisation of the development of the Baku and Turkmenbashi ports has been discussed

Turkmen School Students Participate in a STEM Olympiad in Astana

National Leader of the Turkmen People Congratulates President of Azerbaijan and Prime Minister of Armenia on Receiving the “Zayed Award for Human Fraternity”

Olympic Council of Asia Signs Host City Contract for the 2029 Asian Winter Games in Almaty

Turkmenistan and UAE to Develop Economic Cooperation Program