GENERAL

Nesibäňde bolsa üstünlik seniň, Şöhratyň ýanynda hiç bolmaz kemiň

Üstünlige ýetenleriň we üstünlige ýetmegiň ýollary barada birnäçe zatlary ýazan ýazyjylaryň aýtmagyna görä, her bir adam diňe zähmet çekse (okasa, maksada okgunly bolsa, ir tursa, ukyp başarnykly bolsa, şowsuzlyga uçranda bes etmese…) üstünlige ýetip biler diýilýär. Ýöne muňa garamazdan biz, dünýädäki adamlaryň juda az sanlysyny üstünlige ýeten diýip hasap etýäris. Aslynda her kimiň üstünlige garaýşy dürli-dürlidir. Emma gynansagam, häzirki wagtda, üstünligiň hakyky bahasy, adamlaryň gazanan maddy derejesi we wezipesi bilen çäklendirilýär. Emma, ynsan ogly, wezipesi näçe uly we baýlygy näçe kän hem bolsa, ýene has köpini isleýär. Sebäbi, olar näçe uly bolsa, şonça-da adamlaryň gözünde abraýa eýe we üstünlige ýeten diýip hasap edilýär. Maddy derejede adamlardan tapawutly bolmak, adamzady bu dünýäde, sözüň doly manysynda, üstünlige we bagta ýetirýärmikä? Şeýle bolsa, balykçy bilen baý telekeçiniň arasyndaky wakany size ýetiresim gelýär.

Baý telekeçileriň biri deňiziň gyrasynda gezim edip ýörkä, kenarda duran gaýykdaky balykça we gaýygyň içindäki ýaňyja tutulan birnäçe balyklara gözi düşýär. Ol balykçydan balyklary tutmak üçin näçe wagt sarp edendigini soraýar. Balykçy: “Köp wagtymy almady, jenap” diýip jogap berýär. Telekeçi haýran galmak bilen ýene sorag berýär: “Beýle bolsa näme üçin ýene deňizde galyp has köp balyk tutmadyň?”

Balykçy bolsa: “Bu balyklar maşgalamyň şu günlik iýjegine ýeter” diýýär. “Bolýa”, diýip telekeçi jogap berýär. “Galan wagtyňy nähili geçirýärsiň?”

“Irden giç turýaryn. Soňra balyk tutmaga gitýärin. Soňra çagalar bilen oýnaýaryn. Öýlän maşgalamyz bilen bileje naharlanýarys. Agşamlaryna bolsa şähere çykyp dostlarym bilen duşuşýaryn. Şeýlelikde durmuşymdan lezzet alyp ýaşaýaryn, jenap” diýipdir.

Telekeçi bolsa bu durmuşy şeýle manysyz hasap edipdir. “Men Garwardy gutardym, isleseň saňa kömek edip bilerin” diýipdir. “Ilki bilen öňkiden hem köp balyk tutmaly bolarsyň.”

Balykçy haýran galyp: “Näme üçin, jenap?”

“Artykmaç balyklary satyp has köp gazanarsyň.”

“Soňra jenap?”

“Wagtyň geçmegi bilen öziňe has uly gämi alarsyň.”

“Soňra jenap?”

“Has uly gämi bilen örän kän balyk tutarsyň.”

“Ýene başga gämiler alyp öz işiňi gurarsyň.”

“Soňra jenap?”

“Soňra balyk önümlerini öndürmek üçin öziňe kärhana gurarsyň.”

“Soňra jenap?”

“Garamagyňda birnäçe işgärleri işledip, has baý bolarsyň. Eliňde millionlarça dollaryň bolar.”

“Soňra jenap?”

“Onça puluň bolandan soňra, işlemegiň zerurlygy bolmaz. Zähmet rugsadyna çykarsyň. Kenaryň başynda, tämiz howada dynç alarsyň. Irden isleýşiň ýaly ýatyp bilersiň. Soňra biraz balyk tutup, çagalar bilen oýnap, öýlänleri bolsa maşgalaň bilen agzybir naharlanyp bilersiň. Agşamlaryna dostlaryň bilen duşuşyp, dynç almagada wagtyň bolar.”

Balykçy bolsa: “Häzirki wagtda hem günim şeýle geçýär, jenap” diýip jogap beripdir.

Üstünlige nädip ýetmelidigini hiç kim anyk aýdyp bilmez. Eger-de sen kimdir biriniň aýdanyny “Üstünligiň Aksiomasy” hasap edýän bolsaň öte ýalňyşýarsyň. Çünki meşhur adamlar üstünlige şol bir aksioma bilen ýetmeýär. Bu adamlaryň tebigatynyň we ýaşaýyş şertiniň aýrybaşgalygy bilen baglanyşyklydyr. Kim meşhurlyga yhlas çekip ýetse, kime miras galýar, kim onuň üçin göreşse, kimleriňki öz özünden bolýar. Muny durmuşa çala syn etseňem aňarsyň.

Sözümiz gury bolmaz ýaly Pyragynyň setirlerini mysal getireliň:

Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,

Daga azy ursaň, daşy syndyrar,

Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,

Paludanyň peri dişi syndyrar.

Ýa-da

Baý ogluna aýdar yzym tutar sen,

Bihabar boluban nadan pelekden,

Gören aýdar myradyňa ýeter sen,

Unudypdyr geljek arman pelekden.

Elbetde arzuw etýän zadyňa ýetmek üçin zähmet çekmeli bolarsyň onda-da yhlas bilen. Emma, öz arzuwlaryna ýetmek üçin yhlas çekýän ýüzlerçe adamyň içinden, diňe az sanlysynyň üstünlige ýetip, taryha girmekleri, siziň üçinem hem geň dälmi eýsem?! Magtymgulynyň, Albert Eýnşteýniň, Abu Ali Ibn Sinanyň ýeten üstünligi ýaly üstünlige ýetmek üçin, diňe şolar bolup dogulmalydygyny hemmämiz bilýän bolsak gerek. Eýsem olaryň ägirt bolup dogulmagyna täsir etýän bu goja pelek, adamzadyň başga ugurlardaky üstünligine öz täsirini ýetirmeýärmikä? Diňe okamagyň, zähmet çekmegiň, azap etmegiň her kimiň üstünlige ýetmeginiň subutnamasy däldigi, her bir üstünlige, adamyň pikir edişinden has ýokary bolan bu goja pelegiň täsiriniň ulydygy örän aýdyň. Abdyrahman Jamynyň aýdyşy ýaly:

Hars uruban genji toplap alan ýok,

Bikär ýatyp hergiz gençli bolan ýok,

Sen ylganyň bilen gulan tutdurmaz,

Ýöne ylgamaýana-da gulan ýok.

Bu bolsa: “Ähli liderler okyjydyr, emma ähli okyjylar lider däldir” diýen sözüň tüýs üstüni ýetirýär.

Eşegňi berk duşap, tabşyr Hudaýa,

Yşyk ýakman girme garaňky jaýa.

Üstünlik öz saýlap alan hünäriň ussady bolup, iň kämil derejede halka peýdaňy ýetirmekdir. Üstünlige ýetmek üçin diňe öz işiň ussady bolmak ýeterlikmikä? Size öz hünärine juda ezber bolan ýaş tikinçiniň başyndan geçiren wakasyny gürrüň bereýin…

Bir ýaş ýigit ökde tikinçidi. Köneje tikin maşyny we kiçijik dükany bardy. Näçe kän işlesede, baýap gidibermeýärdi. Gyşyň gaty sowuk gijeleriniň birinde dükany ýapan wagty, elektrik peçiniň açykdygyny ýadyndan çykardy we dörän ýangyn oňa betbagtlyk getirdi. Indi onuň ne işi, ne-de puly bardy. Birnäçe gün iş gözledi, ýöne hiç ugruna bolmady. Ol ýük göterdi, gap-gaç ýuwdy, emma öýüniň kärendesine tölemek üçin, ýeterlik pul gazanyp bilmedi. Ahyrynda, öý eýesiniň sabry tükenip, tikinçini kiçijik çemodany bilen köçede goýdy. Möwsüm gyş bolsa-da, ýigidiň, köçäniň burçundaky seýilgähden başga gidere ýeri ýokdy.

Açlykdan we sowukdan halys bolup, seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde otyrka, gymmat bahaly awtoulag ýuwaşlyk bilen gelip, onuň ýanynda durdy. Ulagdan, ýaşy birneme ulalşan goja düşdi. Elbet-de, baý telekeçidigi daşky görnüşinden belli bolan goja, birnäçe ädim ýöränden soň, oturgyçda sowukdan titräp oturan ýigide gözi düşdi. Tikinçiniň gözi bolsa, gojanyň egnindäki paltodady we oňa dykgat bilen seredýärdi. Birden goja: “Görgüli bende, gaty üşäpdir, men oňa nähili kömek edip bilerkäm?” diýen pikire batdy.

Näçe üşeýänem bolsa, tikinçiniň pikiri paltonyň ýylylygy däldi. Örän galyň we ýokary hilli matadan tikilen bu palto, eýesine laýyk gelmeýär we bedenine laýyk tikilmändir diýip pikir etdi. Goja telekeçi tikinçiniň ýanyna baryp: “Gowymy ýagdaýlaryň oglum, görýän welin gaty üşäpsiň. Isleseň paltomy berip bilerin “diýdi. “Ýok, sag boluň. Men, diňe, bu paltonyň size laýyk däldigi barada pikir etdim. Mata örän galyň we sizi özüňizden has semiz görkezýär ” diýip, tikinçi jogap berdi. Goja bu jogaby alanyna gaty geň galdy. Sebäbi ol hem, onça puly berenligine garamazdan, egnindäki paltonyň, özine laýyk däldigini bilýärdi. “Sowukdan titräp duran wagtyňyz beýle zada nädip üns berip bilýärsiňiz?” diýip, goja, ýigide sorag bilen ýüzlendi. “Men tikinçi” diýen jogaby alanyndan soňra, “Meniň bilen gel, ýolda durmuşyňy gürrüň berersiň” diýip tikinçini maşyna mündirdi.

Bu duşuşyk, tikinçiniň durmuşynda uly öwrülişik boldy. Şeýle zehinli adamyň işsiz we öýsüz galmagyna örän gynanan hoşniýetli goja, dükan açmak üçin tikinçä ýeterlik pul berdi. Munuň öwezine onuň isleýän zady, bu ýigidiň öz eşiklerini tikmegidi. Tikinçi täze işe başlanyna begenip, yhlas bilen işleýärdi. Goja ýene-de tikinçiden goldawyny gaýgyrmady, ony daş-töweregindäki baý adamlar bilen tanyşdyrdy we täze sargytlary almaga mümkinçilik döretdi. Kiçijik dükan ilki ullakan moda öýüne öwrüldi, soňra bolsa birnäçe meşhur markalar üçin önüm öndürip başlady. Tikinçi indi “Meşhur telekeçi” hökmünde tanalýardy.

Bir gün goja, tikinçini görmäge gitdi. Tikinçi, uly hyzmatdaşlyk gurmak üçin, daşary ýurda gitmekçidi we uçara ýetişmegine az wagt galypdy. Az salym gürleşeninden soňra, gojanyň ýagdaýy birden erbetleşdi. Meşhur telekeçimiz bolsa, uly işini sypdyrmak islemeýändigi sebäpli, uçara ýetişmek üçin, gojany taşlap gitdi. Goja bolsa, uzak wagtlap, hassahanada, tikinçä garaşdy. Emma, tikinçi has köp pul gazanmak üçin, ondan-oňa ylgap ýörşüne, gojany görmäge eli degmedi. Aradan birnäçe wagt geçdi, indi utanjyndan gojanyň ýanyna barmaga ýüzi ýokdy.

Birnäçe günden soň, tikinçiniň eden işi ugruna bolman başlady. Fabriklerini ýapmaly boldy we elinde diňe bir kiçijik dükany galdy. Ol nirede ýalňyşlyk goýberendigini soramak üçin gojanyň ýanyna ylgady. Örän gahary gelen goja, ýene tikinçini kabul etdi, ýöne gürrüň berjek hekaýasyny diňläp, derrew gitmegini haýyş etdi.

“Bir wagtlar garyp odunçy bar eken. Tokaýdaky bir külbede ýaşap, durmuşyny odun çapmak bilen geçirýärdi. Günleriň birinde külbesinde ýangyn döräp, tutuş tokaýy kül etdi. Şol töwerekde hiç kim oňa ynanyp iş bermedik mahaly, odunçy eşegine münip ýola düşdi. Tokaýlykda ýöräp barýarka, kimdir biriniň özüne seslenýändigini eşitdi. Kellesini galdyran wagty, gürleýäniň bilbildigini gördi. Bilbil oňa mylaýymlyk bilen ýüzlendi: “Siziň ýagdaýyňyza gaty gynandym, häzir şeýle bir jadygöýlik ederin welin, eşegiňiz aýdym aýdyp başlar. Şeýlelikde siz, onuň bilen mähellä tomaşa görkezip, köp pul gazanarsyňyz ” diýdi. Hakykatdanam, eşek owadan aýdymlary aýdyp başlady. Odunçy we aýdym aýdýan eşek tutuş ýurda meşhur boldy.

Günleriň birinde odunçy, ýene bir tomaşa görkezmek üçin howlugyp barýarka, bilbiliň kömek soraýan sesini eşitdi. Bir pişik bilbili tutup, iýjek bolup durdy. Ol az salym säginen ýaly etsede, tomaşadan galyp, gazanjak pulundan mahrum bolmak islemedi. Yzyna seretmän, ol ýerden gaçdy. Tomaşa başlanda, owadan aýdymlary aýtmagyň deregine, eşek, diňe bir eşegiň edip biläýjek seslerini çykardy. Odunçy, özüni ýazgarýan tomaşaçylardan zordan halas boldy. Bilbil ölenden soň, jadynyň bozulandygyna düşündi.

“Men hem seniň bilbiliňdim we sen meni öldürdiň, şonuň üçin hem jady bozuldy” diýip, goja sözini jemledi.

Hekaýany eşidip, tikinçi derrew çykyp gitdi, sebäbi aýtmaga hiç hili sözi ýokdy.”

Nesibäňe goşulmasa üstünlik,

Bar ýeten şöhratyň seniň üç günlik.

Şeýle täsirli hekaýadan soňra artykmaç gürlemegiň zerurlygy ýok diýip pikir etýärin. Bu hemmämiziň başymyza gelip biljek bir waka. Üstünlige ýetmek üçin diňe zähmet çekmek ýeterlik dälde, adatdan daşary bir güýjiň goşulmagynyň hem gerekdigine hemmämiz akyl ýetiren bolsak gerek. Bu bolsa türkmen aganyň asyrlar boýy gaýtalap aýtýan: “Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň Hak bolsun, niýetiň päk bolsun” diýen jümleleriniň ýöne ýere diýilmändigini subut etýär. Aslynda ömrümiziň her bir pursady üstünlikdir. Teşneligiňi gandyryp, hezil edip suw içmek, dem almak, ýagty jahany görmek, säher bilen guşlaryň sesini eşitmek, üstünlik dälmidir eýsem? Bularyň birinden mahrumlygyňyzy göz öňüne getirip görüň? Emma, bu üstünlikler hakynda asla pikir etmeýäris we bu barlyklary tebigy we adaty zatlar hökmünde garşylaýarys. Aslynda ýaşamagyň özi üstünlikdir. Hakyky üstünligiň, islendik ýagdaýda, bize bu ýagty jahany peşgeş berene, her demde şükür etmekdigini ýadymyzdan çykarmalyň. Bize, bu synagly dünýäde, öz kereminden rysk paýlaýan şol bilbili, hiç wagt ýüregimizden öldürmäliň.

Abdyrahman ORAZMÄMMEDOW.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council