GENERAL

Menejerleri we hünärmenleri taýýarlaýan instituty döretmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligini hususyýetçilige geçirmek işleriniň ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýandygyny belledi. Şeýlelikde, köpsanly kiçi we orta telekeçilige degişli kärhanalar, degişli düzümler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hususy pudagy degişli işgärler bilen üpjün etmek, oňa maliýe goldawyny bermek, şol sanda telekeçilere ýeňillikli karz serişdelerini bermek, olary salgytdan boşatmak bilen baglanyşykly köpsanly meseleler ýüze çykýar. Bularyň hemmesi hereket edýän kanunçylykda öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa wise-premýer P.Agamyradow bilen bilelikde bazar ykdysadyýetiniň birinji derejeli menejerlerini we hünärmenlerini taýýarlaýan instituty döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçilerini goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde iş alyp barmak barada wise-premýer Ç.Gylyjowa berk tabşyryk berdi. 

Ýene-de okaň

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format