GENERAL

Malaýziýanyň täze Soltany saýlanyldy

Malaýziýanyň iň ýokary dolandyryş guramasy ozalky Soltan Muhammet V garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden çekilenden soňra, ýurduň täze Soltanyny saýlady. Bu wezipä ozal Pahang welaýatyny dolandyran 59 ýaşly Abdulla Ahmad Şa saýlanyldy. Ol 5 ýylyň dowamynda Malaýziýanyň Soltany bolar. Täze Soltan 31-nji ýanwarda resmi ýagdaýda ýurdy dolandyryp başlar.

Mundan ozal Ahmad Şanyň saglyk ýagdaýy sebäpli tagta çykmajakdygy çaklanylýardy, ýöne, görlüşi ýaly, ol ýene-de sanlyja günden wezipesine girişer.

Malaýziýanyň ozalky soltany Muhammed geçen aý 5 ýyllyk möhleti dolmanka, wezipeden çekilýändigini yglan etdi.

Malaýziýanyň kanunlaryna görä, ýurduň 9 welaýatynyň ýolbaşçylaryndan düzülen Dolandyryjylar geňeşi Soltany saýlap bilýär. Geňeş dalaşgärleri hödürläp, iň köp ses alan dalaşgär hem ýurduň Soltany wezipesine saýlanylýar.

Related posts

Regional Director of the International Labor Organization pay visit to Turkmenistan

Talks were held between the heads of the foreign policy departments of Turkmenistan and the Republic of Austria

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile BAE arasında önemli anlaşmalara imza atıldı

vepa