GENERAL

Dünýä ykdysady maslahaty tamamlandy

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilen 49-njy Dünýä ykdysady maslahaty  25-nji ýanwarda öz işini tamamlady. 22-nji ýanwardan bäri dört günüň dowamynda geçirilen maslahata syýasat, işewürlik, ylym dünýäsiniň 3200-den gowrak wekili gatnaşdy.

Däp bolşy ýaly, bu gezekki maslahatda-da dünýä ykdysadyýetiniň günibirin meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Breksit», Wenesuelladaky syýasy ýagdaýlar, Hytaý ykdysadyýetiniň geçen ýyllardakydan haýallamagy bilen bagly meseleler maslahatyň agramly bölegini eýeledi. Elbetde, ykdysadyýetdäki ABŞ- Hytaý gatnaşyklary, döwrebap tehnologiýa we lukmançylyk babatda okgunly ösüşler, robot tehnologiýasy, emeli aň ýaly meseleler hem Dawos maslahatynda öz beýanyny tapdy.

Daşary ýurt habar portallarynda şu gezekki maslahata Saud Arabystanyndan has uly wekiliýetiň gatnaşandygy aýdylýar. Habar berlişine görä, ýurduň ministrleriniň aglabasy maslahata gatnaşmak üçin Şweýsariýa geldiler. Olar maslahatyň çäginde ikiçäk duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirdiler.

Related posts

Italian language is taught in Turkmenistan

AIPS’den Türkmenistan Devlet Başkanına Ödül

vepa

The first child of 2025, the International Year of Peace and Trust, born in Turkmenistan