GENERAL

Maksat. Ruhubelentlik. Ynam.

Germaniýaly belli millioner Bodo Şefer öz ykbaly barada ýatlamalarynyň birinde, şeýle gürrüň berýär:
“ Men alty ýaşymdaka pula bolan gatnaşygym boýunça tejribe toplap başladym. Meniň kakam bagry agyryp, hassahana düşdi. Ol tutuş ýyllap diýen ýaly rahat ýatmalydy. Hatda lukmanlar oňa okamagy hem gadagan etdiler.
Bir gezek lukmanyň kakamyň ýanyna müşderileriň gelýändigi üçin, ejeme duýduryş berip durandygyny eşitdim. Kakam keselhanada ýatyrka hem işlemegini dowam etdirýärdi. Ol aklawçydy. Onuň bu ýerde – de kabul edýän adamy alty adamdan az däldi. Ol garyplara mugt maslahat berýärdi.
Ejem hem–de lukmanlar oňa eger-de işini goýmasa, keselhanadan diri çykmajakdygyny duýduryp, rahatlygy talap edýärdiler. Emma kakam kesirligine tutduryp, gerek hasaplan mahaly, işlemegini dowam etdirdi.
Men käwagtlar onuň krowadynyň ýanynda otyryşyma, ýanyna gelýänler bilen bolýan gürrüňlerini eşidýärdim. Bilýärmisiňiz gürrüň diňe pul hakynda, onuň ýetmeýändigi hakynda. Muňa–da adaty bolşy ýaly ýüze çykan ýagdaý ýa-da başga adamlar sebäpkärdi. Dogrusy, men hukugyň inçe tilsimlerine düşünmesem–de, bir zady bilýärdim; gaýtalanyp duran şol bir mesele – pul meselesidi. Başda diňlemek gyzyklydy, ýöne soňra, bu meniň ýüregime düşdi. Mende garyplyga bolan ýigrenç döredi. Garyplyk adamy betbagt edýärdi. Ol hatda adamlary näsag ýatan kakama ýalbarmaga, ondan kömek tama etmäge mejbur edýärdi. Men gurply, gurgun bolmagy isleýärdim. Men otuz ýaşymda millioner bolmagy berk ýüregime düwüp, ony karar berdim.
Sekiz ýyllyk ýarawsyzlykdan soň meniň kakam ýogaldy. Adamlar onuň iş diýip, özüni kösändigi üçin duýgudaşlyk bildirýärdiler. Nähili bolanda-da men iş diýip, özümi beýle kösençlige salmak islemeýärdim. Ikinji bir tarapdan bolsa, kakamyň ýanyna gelýän garyplar ýaly hem bolmak islemeýärdim. Entek bu ugurdan hiç zat edinmedigem bolsam baý bolmagyň arzuwyndadym.
Meniň ejem kakam ýogalandan soň, din bilen meşgullanyp başlady. Ol “Baýlar jennede düşýänçä iňňäniň gözünden düýe geçer” diýen jümlä berk ynanýardy. Men bolsa bir tarapdan garyplykda hiç bir oňat zadyň ýokdugyny pikir edýärdim. Ikinji tarapdan bolsa şol öňkim ýaly garyplygy ýigrenip, baý bolasym gelýärdi.
Entek meni şu bir–birine garşy iki pikir biynjalyk edýärdi. Ýöne nähili hem bolanda-da men baý bolmagy maksat edinipdim. Hemişe anyk herekete geçmekden bizi biparhlyk saklaýar. Biz ätiýaçlyk çykalgasyny açyk galdyrýarys. Kim nämedir bir zat etmek isleýär, ýöne, olam hakykat ýüzünde töwekgelçilikden ýüz öwrüp hiç zady özgertmän, garaşmaklyga boýun egenini kem görmeýär. Biz hakyky boluşa ynanman, öwrülişigiň biziň peýdamyza bolmagy üçin gapdaldaky güýje bil baglap garaşýarys, ýogsam biz pikir eden zadymyzy durmuşa geçirmäge eýe ýagdaýda dur ahyry.”
Diýmek, biz, öz –özüňi hakyky görnüşde görmekden, öz – özüňi ýeňmekden, kalbyňdaky gapma – garşy pikirleri bir ugra gönükdirmekden başlamaly. Has dogrusy, ilki bilen özüňi taýýarlamaly. Öz häsiýetiňi kämilleşdirmeli. Işjeň herekete geçmeli.
Umyt etmek gowy zat. Umytly bolmagam ýakymly. Ýöne umyt edip ýatanyň bilenem durmuş hindileriň “Ýalta “ çeper filmindäki ýaly däl –dä. Hatda şol filmdäki ýaltamyz hem baý bolmagyň ýolunda boş arzuwdan işjeň herekete geçenden soň, baýyň gyzyna özüni söýdürmegi başarýar.
Şu söhbetiň başynda, mundan buýana dowamynda – da, köplenç baý bolmak sözüni döwletli bolmak jümlesi bilen aňlatmagy ýöne ýere almadyk.
Türkmeniň “ doga bidöwlet bolandan ýylda ýedi gezek ýagy çapsyn” diýip, gönümel aýdylan göçme manyly parasady bar. Magtymguly atamyz hem “ Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr” diýýär. Diýmek baý bolmak sözi bilen deňeşdirlende, döwletli bolmak has giň gerimli mana eýe bolýar. Döwletlilik Keremli Taňrynyň nazar etmegidir. Döwletli bolmak jümlesi hars urup, halal haram seljermän, zat ýygnap, baý bolmagy aňlatmaýar. Ol bu pikirlerden has giň, has agyr gelýär. Döwletli bolmagyň ýanynda ynsap, halallyk bile egin egne berip barýandyr. Halal ýaşap, baý bolmak döwletli bolmak hernäçe irginsizligi, üstesine-de, sabyrly bolmagy talap edýänem bolsa, onuň lezzeti welin juda ýakymlydyr. Onsoňam, ýolda ýatan gury çöpüňem ot tutaşdyrmaga nepi degýän dünýäsinde, hiç hili bihasap zat ýokdur. Halaldan gelen zat halala, haramdan gelen zat harama gidýär, diýen dünýewi jümle müň kerem mamladyr.
Taňrynyň peşgeş beren ýene ter säheri özüniň hoştap howasy bilen salam berýär. Irden durmuşyň täze ýa bolmasa, şol birsydyrgyn, köne dowamly aladalary bilen gurşalyp, ýene ömür pursatlary geçip başlaýar, ýene–de agşam gelip ýetişýär. Aslynda bir gün sen özüňiň näme iş edendigiň hakynda pikir edip gördüňmi?! Deňiňden geçenden soň düýş ýaly bolup görünýän bir günde, sen näme iş bitirdiň?! Peýdamy?! Ýa zyýana galdyňmy?! Bolmasada, hiç zat özgermän şol duran ýeriňde durup galdyňmy?!
Adam öz – özi bilen sowal jogaba berlip, şu sowallaryň hakyky jogabyny tapmalydyr. Onda–da hakyky jogabyny. Ol hyýalbentlikden, boş arzuwdan azat bolmalydyr.
Arzuwlar çagalykdan başlap, olar juda kändir. Ýöne durmuş welin, başgaça. Arzuwlaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen hyýala öwrülip galýar. Çünki, olar isleg, maksat bilen kybapdaş gelenok. Haçan-da biziň belent maksadymyz bilen birleşende, arzuwlarmyz hasyl bolýandyr. Gündogaryň ägirt uly ulamasy Mahmyt Zamahşary “ Arzuwlaýşy ýaly ýaşap bilmeýän adamy, diri saýyp oturmaly däldir” diýýär. Dogrudanam, arzuw edişimiz ýaly ýaşap bilmeýän bolsak onda biz öz arzuwlarmyzy, öz öňümizde goýan maksadymyza tarap ugrukdyryp, bilmeýändigimizi boýun almalydyrys. Maksat beýik bolmalydyr, üstesine – de ol, anyk bolmalydyr. “General bolmagy arzuw etmeýän esger, esger däldir” diýýärler.
Zamanalar, döwürler özgerýär, ýöne adam ähli döwürleriň içinde – de, berlen ömrüni bolelinligiň içinde ýaşap geçmegi maksat edinýär. Maksadyňyz sagdyn bolsun. Ol bizi diňe öňe hereket etmäge itergi berýän güýje öwrülmelidir. Biziň ahlak gymmatlygymyz, biziň maksadymyz, biri–biri bilen ylalaşykda bolmasa biz bir duran ýerimizde durarys. Bize diňe hereket etmek, onda – da, aýgytly hereket etmek gerek. Aýgytly hereket etmek üçinem, adamyň ruhy belent bolmaly. Sebäbi, ruhubelentlik durmuşda öz –özüňe bolan ynamy berkidýär. Ruhubelentlik bilen ynamyň sazlaşygy dörände, adam ýanbermez güýje öwrülýär duruberýär. Özüne ynanýan adam öz kemçiliklerini dogry görüp, ony düzetmegiň ýollaryny agtaryp tapýar. Ol, özüniň mümkinçiliklerini dogry kesgitläp bilýändir. Ol hiç wagt, hiç zada we hiç kime öz ýoluny durdurmaýar. Päsgelçilik döretmeýär. Bolaýanda–da ony derrew ýeňip geçmegi başarar. Özüne ynanýan adam hiç hili kynçylykly ýagdaýlardan gorkýan ýa-da, çekinýän däldir.
Adamyň özüne ynamynyň bolmagy, oňa durmuşyň heniz mälim bolmadyk garaňky taraplaryny görmäge, öwrenmäge, düşünmäge ýardam edip bilýär.
Ynsan arzuwlarynyň yzyna düşüp ýaşaýar. Çagalyk arzuwlary durşy bilen hyýalbentlikden doly. Ýigitlik arzuwlary göçgünlik bilen. Şeýde – şeýde ömür geçip gidýär. Ömrüňi oýlanşykly ruhubelent guramagam belli bir derejede özüňe bagly. Garyp bolmakdan baý bolmagyň, mätäçlikden bolçulygyň, ýeter – ýetmezçilikden eliň uzadan ýeriňe ýetip durmagyň gowudygyny tekrarlamak üçin uly akyl gerek däl. Garybyň aladasy güzerany bolsa, baý bolmagyň özüne ýetesi aladasy has artykdyr. Çünki baýlygyň ýolunda töwekgelçilik, howp – hatar göreş ýatandyr. Bu zatlaryň hersi aýratyn bir söhbetiň temasydyr.
Biz köplenç aňsat ýerden baýamak üçin aýratyn gudratlara garaşýarys. Bu özüňi öz göwnüňi aldamakdan başga näme bilen tapawutlanýar?! Gudratam biz onuň üçin nämedir bir zatlar edenimizde gelýär. Gudrat – biz onuň gözlegine çyksak ol sataşýar. Gudrat – ynsan yhlasyndan döreýär. Geliň gowusy, bu zatlar hakyndaky giňişleýin gürrüňe girişmezden ozal, ilki bilen, baýlyk rysgally, döwletli bolmak barada akyldarlaryň aýdan jümlelerinden başlaly.
Baýlyk hakda aýdylanlardan
Adam baýlygyň däl –de, baýlyk adamyň gullugynda bolmagydyr.
…  Baýlyk – suw, adam – ekindir. Suwy tygşytly tutup, akylly başly ulansaň, ekin hasyl getirer, suw gereginden kem bolsa, ekin gurar. Suw gereginden artyk bolsa, ekin harap bolar.
… Göwni baý adam baýlyga özüni aldyrmaýan adamdyr.

Oglum, bir zat edinmek mümkin bolsa, pursady elden bermegin, ýöne zat diýip, özüňi hatarly ýagdaýlarda salmagyn, edinýän zadyň özüňe laýyk, mynasyp bolmagy ugrunda jan etgin. Edinen emlägiňi sarpaly saklagyn, oňa –muňa harçlamagyn. Zady saklamak edinmekden kyndyr. Eger harçlamaly bolaýanda hem onuň öwezini derrew dol. Emma, dolmasaň Karunyň döwleti bolsada derrew gutarar. Ýöne ähli hüý – köçäňi baýlyga berip, ony bakydyr hasabam etmegin. Şeýtseň irde – giçde garyp düşäýeňde –de ýüregiň awamaz. Öňküler aýtmyşlaýyn “ Zerurlyk çykyp, bir zady dostuňdan haýyş etmeli bolandan, ony duşmana goýup giden gowudyr.”
“Kowusnamadan”
… Parasatly adamlar: “ Elpe – şelpelik isleseňiz jepakeş boluň, döwletli bolaýyn diýseňiz, kanagatly boluň, dostuňyz köp bolsun diýseňiz polady ýumşak boluň” diýip aýdypdyrlar.
“Kowusnamadan”
Maksat, ruhubelentlik, ynam üçüsini özüňde bir ugra gönükdirip bilendigiňi duýmak, eýýäm seniň kämilleşýändigiňden habar berýär. Ýöne indiki maksadyňy hem meýilnamalaşdyrmagy başarmaly. Bu hökmany. Sebäbi seniň geljekki durmuşy alyp gidişiň öz durmuşyňy berk tertip-düzgüne salmakdan däl-de, nähili meýilnamalaşdyryp bilýändigiňe görä kesgitlenýär. Seniň geljekki uzak ýa-da gysga möhletli anyk meýilnamaň bolmasa, sen näçe tertip-düzgün etseňem, gazanyp bilen zadyň bolmaz. Ilki puly gazanmankaň, ony nirä we nämä sowjagyň hakynda pikir edip gördüňmi? Ine, birdenem sen ummasyz pula eýe bolduň diýeli. Sen ony durmuşda nämeler üçin harçlardyň? Käbiri “Aý, pulum bolsa, näme etjegimi özüm bilýän” –diýen şekilde gürrüň edýär. Hakykatda weli, onuň pula gatnaşyk etmäge hiç hili taýýarlygy ýok. Ol şonuň üçinem özüniň ummasyz derejede baýlyk gazanyp biljegine hiç hili ynanmaýar. Hatda hyýallarynda bolsady ekäýende-de ol bu ýagdaýy hyýaly bolsa-da göz öňünde janlandyrmagy başaranok. Sebäbi, onuň geljegi üçin anyk bir möhletli meýilnamasy ýokdur…ýokdy
Siziň barly bolmagyňyz, has dogrusy pully bolmagyňyz, size ynamy has hem berkidýändir. Üstesine –de, ol siziň köp zada ukyplydygyňyzy hem ýüze çykarýar. Özüňe ynanmak, eýýam, üstünligi gazanmakdyr. Ol haýsy halatda bolanda – da sizi ýeňişlere alyp gider.

Aýnur Rejepowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Ýene-de okaň

Win 1000 Manats for the Word of the Year: Presented by Makul Sözlük

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure

Turkmenistan Approves State Program for Ensuring Aviation Security

Kazakhstan’s Ambassador visits western region of Turkmenistan

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?