GENERAL

Lebap welaýatynda täze, döwrebap şäherçeler gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Lebap welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç hem-de Kerki etraplarynda guruljak täze, döwrebap şäherçelerde binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de şäherçeleriň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak tabşyryldy.

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň mart aýynda başlamak we bu işleri 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamak bellenildi.

Ýene-de okaň

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation