GENERAL

«Küýze we miweler» 60 million dollara satyldy

Nýu-Ýork şäherindäki «Kristis» auksionynda fransuz suratkeşi Pol Sezanyň «Küýze we miweler» atly işi 59,29 million dollara satyldy. Şeýlelikde, bu eser 13-nji maýdaky iň gymmat çeperçilik eserine öwrüldi.

«Küýze we miweleriň» käbir bäsdeşleriniň bahasy hem başyňy aýlaýar. Mysal üçin, şol gün Wan Goguň «Keselhananyň howlusyndaky daragtlar» atly peýzaŽy 40 million, Amedeo Modilýaniniň «Kalla» atly heýkeli 34,32 million dollara satyldy. Galyberse-de, şol günki lotlaryň arasynda Pablo Pikasso, Anri Matiss, Klod Mone ýaly dünýä meşhur nakgaşlardyr heýkeltaraşlaryň eserleri hem bardy.

Gysgaça aýtsak, «Kristisde» diňe 13-nji maýda bolup geçen auksionda 400 million dollardan gowrak söwda edildi.

Ýene-de okaň

Meeting of the Working group on Trade-economic cooperation between Turkmenistan and the United States of America

Iran’s Foreign Minister Thanks Turkmenistan for Evacuation Aid and Humanitarian Support

Protocol on the preparation for the Council of Heads of Government of CIS

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum