GENERAL

Kitap – ýaşaýşymyzyň bezegi

 Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär.

M.Gorkiý.

Häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitap möhüm orny eýeleýär. Bu gün elime kagyzdyr galam alyp,  kitap barada öz içki pikirlerimi ýazga geçirmegi ýüregime düwdüm. Ýazmakdan esasy maksadym – ýeňiji bolup saýlanmak däl-de, özümi synap görmek.

Ynsan dünýä inmezden öňem, ýagty jahanda gözüni açandan tä bakyýete gidýänçä sözüň üsti bilen ösýär, ulalýar, kämilleşýär. Abu Aly ibn Sinanyň “Ilki söz, ondan soň derman, halys bolmasa tyg” diýip belleýşi ýaly, adamzadyň derdini derman-däriden öňürti söz bilen ýeňmegi göz öňünde tutýar. Çünki adamyň söýgüsi, guwanjy, begenji, gynanjy, mahlasy, ähli duýgusy diliň, sözüň üsti bilen beýan edilýär. Biziň daşky gurşawdaky islendik şaýat bolýan ýagdaýlarymyz ömrümiziň bir pursaty bolup ýatda galýar. Öz duýgularymyzy sözde beýan etmek, hakydalarymyzda saklanan ýatlamalary özümizden soňky nesillere miras galdyrmak üçin adamzat “Kitap” diýen mukaddesligi oýlap tapypdyr. Şu güne çenli biziň akyl – paýhas, düşünje taýdan kämilleşmegimiziň esasy sebäbi okan we okajak kitaplarymyzdyr.

Kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, hudožnikleri, kompozitorlary bilen islän wagtyňda duşuryp, islän çagyňda sözleşdirip biler. Ol  saňa dürli ylymdan ders berer. Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr. Hiç  wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe seniň gullygyňa häzir bir wepaly hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň gylyk-häsiýetinden, haýsy döwletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, gijä, gündize parh goýmaýan, ýadamany, armany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoş owaz bir bagşydyr.

Maglumatlarda aýdylyşyna görä, Ýuriý Gagarin kosmosa uçanda ýany bilen söýgüli kitaplaryny alandygyny aýdypdy. Näme üçin başga zat däl-de ala-böle kitap? Sebäbi, kitap adam durmuşynyň iň haý-haýly pursatlarynda oňa güýç berýär, ruh berýär! Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Juda kyn.

Pygamberimiz S.A.W şeýle diýýär: “Bilim Çyn-Maçynda bolsa-da öwreniň”. Haýsydyr bir kitabyň sahypalaryny agtaryp göreliň. Diňe bir içinden nämedir bir täzelik tapmak maksady bilen däl-de, bize gelip ýeten ruhy miras  çeşmesi hökmünde seretsek, hakykatdanam kitabyň akyl ýetirerden has gymmatly hazynadygyna göz ýetirmek bolar.

Geçmişde öz maşgalasynyň ýeke-täk gazanç çeşmesi bolan guba düýesini kitaba çalşyp gaýdan ata – babalarymyzyň kitaba näderejede hormat goýýandygyny aňlamak kyn däl bolsa gerek. Türki döwletleriň  şol sanda, biziň Watanymyz Türkmenistanyň çäginde diňe Merw şäheriniň özünde 10-dan gowrak uly kitaphananyň bolandygyny belli taryhçy Faruk Sümer öz ýatlamalarynda agzap geçýär. Ol kitaphanalaryň has ululary Nizamiýe we Aziziýe bolupdyr. Olarda on müňden gowrak dürli halklaryň edebi mirasyna degişli golýazmalar saklanýan eken. Dürli taryhy döwürde kitaba goýulýan sarpasyny çintgäp düşündirmek üçin wagtam, sözem azlyk eder. Ýöne kitabyň gadyr-gymmaty, peýdaly taraplarynyň käbirlerini sanawda görkezmek isleýärin:

  1. Kitap adamzadyň ýaşaýşynda öran uly rol oýnaýar. “Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz” diýip jaýdar belleýän Magtymguly atamyz sözüň gymmatyny häli – şindi nygtapdyr:

 

Sözlegende söz manysyn bilmeýen,

Ondan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy…

***

Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,

Ne bar manysyz söz uzamak bilen…

***

Sözläbilseň ýagşy sözle,

Halk ýamanyň bizarydyr…

Ýokardaky setirlerde ündelýän sözüň manysyny bilip sözlemek, az sözde köp many aňlatmak, ynsanyň göwnüne degmän sözleri ýerlikli ulanmak ýaly häsiýetleriň ählisi danalygyň, okumyşlygyň, giň dünýägaraýyşlylyň netijesinde ýüze çykýan alamatlardyr. Diýmek, kitabyň biziň şahsy gylyk-häsiýetimize ilkinji peýdasy –  dilimiziň  çeperçiligine, kämil edebi sözleýşimiziň kemala gelmegine oňyn täsir edýän çeşme bolup hyzmat edýänligindedir.

  1. Ýapon alymlarynyň bellemegine görä, günde 3-5 sahypa kitap okamagy endik edinen adamda nerw dartgynlylygy beýleki adamlara garanda 30% – 40% az ýüze çykýan eken. Kitabyň ikinji peýdasy – biziň beden we ruhy saglygymyza ýetirýän pozitiw täsiridir.
  2. Kitap – ata-babalarymyzyň medeni we ruhy mirasynyň gönezligidir. Olaryň dünýägaraýyşlary, durmuşa nähili akyl ýetirendikleri bize diňe çeper eserleriň, halk döredijiliginiň, golýazmalaryň üsti bilen gelip ýetýär. Diýmek, bize kitabyň üçünji bir peýdaly tarapy – geçmişi we geljegi birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýänligindedir.
  3. Bizdäki bar bolan her bir maglumatlaryň ygtybarlygy, takyklygy gelip ýeten çeşmesiniň hili bilen kesgitlenilýär. Eger-de olar bize ýazuwly edebiýat, golýazma görnüşinde gelip ýeten bolsa, geljekde biz  öz ylmy-edebi mirasymyza arkaýyn eýe çykyp bilýäris. Kitabyň peýdaly taraplarynyň dördünjisi – öz-özlügimize düşünmäge, milli mentalitetimiz bilen buýsanyp ýaşamaga hyzmat edýänligindedir. Çingiz hanyň sözleri bilen aýtsak, “Bir döwleti ýykmak üçin, onuň medeniýetini ýok etmek ýeterlikdir. Türki halklaryň edebi mirasyny doly ýok etmek maňa başartmady”.
  4. Kitap- akyl-paýhasyň beýany. Ýazyjy- şahyrlaryň, filosoflaryň, alymlardyr danalaryň ylym bilimdäki bitiren hyzmatlary bize ylmy işler, traktatlar, dissertasiýalardyr monografiýalar, çeper eserler görnüşinde gelip ýetýär. Diýmek, kitabyň biziň üçin ähmiýetli bolan ýene-de bir peýdasy – geljekki nesillere ylym-bilimiň özeni bolýanlygydyr.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 40-dan gowrak  türki halk bar. Şolaryň ählisinde hem edil biziň dilimizdäki ýaly, “Kitap” adalgasy ulanylýar. “Kitob”, “Ketap”, “Kutub”, “Kitap” ýaly ulanylyşynda käbir ses üýtgemeleri bar bolaýmasa, ählisi hem arap dilindäki “ktb” kökünden düzülendir. Ol kök häzirki wagtda “Mekdep, kitap, kitaphana, kätip” ýaly gündelik ulanýan sözlerimiziň düzüminde saklanýar. Manysyny seljerenimizde “okamak”, “mukaddes ýazgy” ýaly düşünjeleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Dünýäniň haýsy ýurduna barsagam, “Kitap” diýlen düşünjäniň has-da uly hormat bilen agzalýandygyny görmek bolýar. Slawýan dillerinde “Kitaphana” diýen manyny aňladýan “Библиотека” sözi hristianlaryň mukaddes kitaby Injiliň ady bilen baglanyşykdyr (“Библия” – Injil). “Библиотека” (kitaphana) – sözüniň manysy “Injil okalýan ýer” diýen manyny aňladýar. Görüp otursak, Ýewropa ýurtlarynda hem kitap mukaddeslik, kitaphanalar bolsa, şol mukaddesligi saklaýan hazynalara deňelýän eken.

Kitabyň peýdalaryndan käbirlerini sanawda görkezdik. Sözümizi jemlemezden öňürti dünýädäki  “Ginnesiň rekordlar kitabyna” giren käbir kitaplar barada gyzykly faktlary okap göreliň:

  1. Dünýädäki iň uly kitap Amsterdamda neşir edilen we häzirki wagtda-da şol ýerde saklanýan “Deňiz düzgünleriniň ýygyndysydyr” kitabyň boýy 2 metr, ini 1 metr, galyňlygy bolsa ýarym metre deňdir.
  2. Dünýäniň iň agyr kitaby London şäherindäki Britan muzeýinde saklanýan geografik atlasdyr. Beýikligi 1 metr bolan bu kitabyň agramy 320 kilograma barabardyr.
  3. Häzirki wagtda dünýäniň iň kiçi kitaplarynyň 12 sanysyny bir nahar çemçäniň içine ýerleşdirip bolýar.
  4. Şekspiriň kitaplarynda “Söýgi” sözi 2259 gezek, “Göriplik” sözi 229 gezek gaýtalanýar.
  5. Iň uly sözlük 1854-1971-nji ýyllar aralygynda ýazylan “Nemes diliniň düşündirişli sözlügidir”. Ol 33 tomdan, 33519 sany sahypadan ybarat.
  6. Iň gymmat satylan kitap “Lesteriň kodeksidir”. Bu kitap belli italýan hudožnigi Leonardo da Winçiniň sungat eserleri we ondaky syrlar barada ýazylan bolup, ony Bill Gýets 30,8 million dollara satyn alýar.
  7. Häzirki wagtda dünýäde iň köp ýaýran kitap Onuň 1815-2000-nji ýyllar aralygynda 4 milliard nusgasy halka ýetirildi.
  8. 2002-nji ýylda rekordlar kitabyna giren dünýäniň iň kiçi kitaby rus şahyry P.Çehowyň “Hameleon” hekaýasy ýerleşdirilen kitapdyr. Onuň boýy we ini 0,9 sm.
  9. Iň köp çap edilen kitap Britaniýanyň parlament dokumentidir. Ol 1112 tomdan ybarat bolup, umumy agramy 3300 kg. Dünýäde birinji gezek 6 ýyllap gije-gündiz neşir edilen resminama hasaplanýar.
  10. Iň gadymy kitap papirusa ýazylan kitap bolup, biziň eramyzdan öňki I asyra degişli hasaplanýar.

Kitap adamzat paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar we olary nesilden-nesle geçirýär. Biz bir gysym gum bolup gideris, ýöne kitaplar weli, demirden hem daşdan ýasalan ýadygärlikler ýaly müdimilik saklanýarlar. Kitap pikiriň armaýan ganatydyr.

Bilimleriň çeşmesi bolan kitaby söýüň, diňe bilim dadymyza ýetişip bizi ruhy taýdan güýçli, päk, paýhasly adamlar edip ýetişdirer.

Şamyrat Şamyradow,

Dumlupynar uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council

Turkmenistan have been published in the six UN languages as official documents of the General Assembly

Turkmenistan hosts Turkmen-Iran Business Forum and Iran Agrofood Exhibition

Turkmenistan and Japan signed new agreements

Turkmen-American Business Forum held in Ashgabat

Current issues of cooperation discussed with Minister of Energy of Iran