GENERAL

Katarda ýygyndylaryň sany üýtgemez

2022-nji ýylda katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 ýygyndynyň gatnaşyp biljekdigi barada ähtimallar bardy. Dogrusy, FIFA bu mesele boýunça käbir işleri hem geçirdi. Ýöne 48 ýygyndyly dünýä çempionatyna ýakyn ýyllarda geçiljekdigine garaşylsa-da, bu düzgün öňümizdäki çempionatdan girmez. Ozalkylary ýaly, Katardaky ýaryş 32 ýygyndynyň arasynda geçiriler.

Munuň esasy sebäbi, Kataryň mümkinçilikleridir. Sebäbi, Katar çempionaty geçirmäge hukuk gazanany bäri, esasan, 8 sany stadionyň gurluşygyna girişdi. Eger-de, 48 ýygyndyly çempionat geçiriljek bolsa, her biri 20 müňden kän tomaşaçy alýan stadionlaryň ýene-de dördüsini gurmak gerek bolar. Dünýä çempionaty ― 2022-niň öý eýesi bolsa muňa taýýar däl. Şonuň üçin hem FIFA 48 ýygyndynyň ýaryşyny ýeneki çempionatlara goýmaly bolar.

Related posts

Strategic partnership between Turkmenistan and Afghanistan approved

Türkmenistan, Küresel Ulaştırma Konferansı’na hazır

vepa

Turkmenistan invites British business coorperation in energy field