GENERAL

Kämillikden üstünlige

Her bir hünäriň öz aýratynlygy, tapawutly taraplary bar. Her bir adam hünäriniň ussady bolmak isleýär. Hakykatdan hem aňyňda, islegiňde, arzuwyňda, maksadyňda saýlap alan hünäriň ussady bolmak isleseň we hünäri oňat öwrenmeklige ýykgyn etseň, maksadyňa ýetip, ussat lukman, zehinli mugallym, tanymal žurnalist, meşhur sungat işgäri bolup bilersiň. Emma munuň üçin köp kitap okamak, öz üstüňde işlemek, zähmet çekmek gerek.

Entek çagaka mugallymy «kim bolmak isleýärsiň?» diýlen soraga «žurnalist» diýip jogap berip, bu günki gün ol žurnalistikany öz ykbaly diýip saýlady… Çaga belli bir ýaşda «lukman bolmak isleýärin» diýýän bolsa, soňra mekdepde mugallymynyň okadyşyna höwes edip, «ulalamda mugallym bolmak isleýärin» diýýän çagalara köp gabat gelinýär. Emma ykbalyny belli bir hünäre baglan adamyň, kiçilikde-de şol hünäre bolan höwesi iň ýönekeýje zatlarda hem mälim bolar durar.

Ýakynda belli alymlaryň, ýazyjylaryň, beýik adamlaryň, umuman diňe bir okap, bilimli, ylymly bolan adamlar däl-de, ylyma-bilime öz goşandyny goşup bilen beýikleriň sözlerine gabat geldim. Onda şeýle diýilýärdi: «Eger-de seniň öňüňde beýik maksatlar bolup, mümkinçilikleriň çäklenen bolsa, onda-da herekete, kämilleşmäge tarap ymtyl. Sebäbi diňe hereket bilen mümkinçilikler artyp biler.» Bu hakykatdan hem şeýle. Goý, çeper eser bolsun, goý, ol taryhy kitap ýa-da bir heňde okalýan goşgy setirleri bolsun, kitap okamalydyr, öz üstüňde işläp, kämilleşmelidir. Şeýle-de zergär, suratkeş, binagär hem yzygiderli täzeden täze eserleri döretmeklige ymtylmalydyr. Kämillige tarap ýol iň dogry we iň aýdyň ýoldur, diňe kämilligiň ýolunda sen üstünlik gazanyp bilersiň. Munuň üçin käbir üns beräýmeli ýönekeýje şertler bar.

Jim Ronuň aýdyşy ýaly, nirede bolsaň hem, şol ýerde we şol pursatda bol. Alymyň ýerlikli aýdan sözleri, gündelik durmuşymyzda hem yzygiderli gabat gelýär. Mysal üçin, säher bilen işe gelen adam, işde boldygy halda, her pursatda öýüni alada edip, biynjalyk bolsa, öňde goýlan maksada-da, üstünlige-de ýetmek mümkinçiligi azalýar. Edýän işiňe durkuň we barlygyň bilen ýapyşyp, çynlakaý alyp barsaň, ine, şol pursatlar hakyky bir sungat eserini döredip bolar.

Üstünlige ýetmegiň ýolunda adamyň iň ýakyn garşydaşy — öz-özüni aklamak üçin ýüze çykýan bahanalar. Iň ýönekeýje mysal, bir çeper eser okap başladyňyz we soňuna çenli okamadyňyz, bu kitabyň soňunda nämeler bolup geçjekdiginden bihabar bolmaklyga kaýyl bolup, dürli bahanalar sebäpli kitap okalman galdy. Belki bu kitabyň dowamynda juda peýdaly we zerur maglumatlar, durmuş tejribesinden mysallar bardyr.

Durmuşda iki ýoldan birini saýlamaly ýagdaýlar gabat gelýär: ýa öz-özüňi aklap, dürli bahanalar tapmak ýa-da ylymyňy, bilimiňi artdyryp, üstünlige sary ýola düşmek. Bu düşünjeler gapma-garşydyrlar. Ylyma höwesli, gerekli maglumatlary alyp, öz-özüni kämilleşdirmeklige tarap ýola düşen adam, hiç wagt gereksiz bahanalara ünsüni sowmaýar. Mysal üçin «men başarmaryn», «meniň ýeterlik wagtym ýok», «meniň ýatkeşligim gowy däl» ýaly bahanalar üstünlige ýetmegiň ýolunda gapma-garşy düşünjelerdir. Riçard Bah «ylymda çäk goýmaň» diýip, ýerlikli belläp geçipdir. Hakykatdan hem adam öz üstünde işlese, ylymda alyp bilmejek galasy ýokdur.

Arada žurnalist hem-de psiholog Ýewgeniýa Şestakowanyň kitabyny okanymda şeýle mysala gabat geldim:

Gyzy kakasynyň ýanyna gelip:

— Kaka men ýadadym, meniň kyn durmuşym bar, kynçylyklar, meseleler meni halys ýadadýar. Men näme edeýin, hä, kaka?

Kakasy jogap bermegiň ýerine üç sany meňzeş, suwly gazany oda goýýar. Biriniň içine käşir atýar, birine ýumurtga, ýene-de birine kofe atýar. Birnäçe wagtdan soňra, gaýnap duran suwuň içinden käşiri, ýumurtgany çykaryp, kofäni  hem bulgura guýýar.

—Näme üýtgedi? — diýip gyzyndan sorady.

—Ýumurtga we käşir gaýnan suwuň içinde bişdi. Kofe bolsa, suwuň içine siňdi, eredi.

—Ýok, bu ýöne bir ýüzleý beýan etme. Seret, gyzym, gaty käşir ýumşady, lagan we suwuk ýumurtga gatady. Daşky görnüşinde olar üýtgemediler  — olar birmeňzeş ýagdaýda —gaýnan suwuň täsiri bilen öz gurluşyny üýtgetdiler. Şol bir ýagdaý hyýaly görnüşde adamlar bilen hem bolup geçýär. Durmuşda ýüze çykýan kynçylyklar, meseleler, synaglar güýçli we tutanýerli adamy gowşadyp hem bilýär, gowşak adamlary hem berkidýär.

—Kofe näme? — onda gyzy sorady.

—Bu iň gyzyklysy. Ol gaýnan suwuň içine doly siňip, ýakymly ysly içgini, kofäni emele getirdi. Käbir adamlar bar gyzym, ýagdaýlara we kynçylyklara görä üýtgemän, olar wakalara özleri täsir edýärler we ondan degerli netije we tejribe gazanýarlar.

Hakykatdan hem awtoryň belleýşi ýaly, ähli ýagdaýlardan tejribe toplamagy başarmaly. Üstünlige barylýan ýolda, köp kynçylyklar duş gelip biler. Emma muňa garamazdan öňe gitmegi dowam etdirseň, sen hökman üstünlige ýetersiň.

Aýbölek ABDYRASULOWA

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council