GENERAL

Kakam barka…

Kiçirägem bolsak, «Kakaň gowumy ýada ejeň?» diýen sowala «Kakam» diýip jogap bermegi endige öwrüpdik. Bu – biziň, hakykatdan hem, kakamyzyň ogludygyny subut etmek üçin mümkinçiligimizdi. Biziň «ejemogly» adyny alasymyz gelenokdy. Şeýdibem, biz kakamyzyň söýgüli ogullary bolduk.

Häzir beýle sowal bilen ýüzlenýän ýok. Eger-de şeýle sowal berläýse, „Men näme jogap bererkäm?!” diýip, käte-käte oýlanýaryn. Çaga endigime görä, ýene-de „Kakam gowy” diýerdimmikäm?! Ony özüm hem bilemok.

Boýnuma alaýyn, käteler meniň juda kakama meňzäsim gelýär. Agras nazary bilen jadylap, bize atalyk söýgüsini berýän kakalarymyz biziň üçin gymmatlydyr, arzylydyr. Şeýleräk bir tymsal ýadyma düşýär. Öňem bir akyldardan sorapdyrlar:

— Sen näme üçin köp çaga edinmeýärsiň?

Şonda akyldar:

— Çagalary has söýýändigim üçin — diýip, jogap beripdir.

Perzende aşyk bolmak, oňa köňül bermek her bir ene-atanyň söýgüsiniň, mähriniň näderejede güýçlüdigini görkezýär. Türkmende şeýle bir nakyl bar: „Adam atasynyň bilinden, enesiniň bolsa ýüreginden önýär“. Hakykatdan hem, adam enesiniň ýüreginde, atasynyň bolsa kalbynda ýaşaýar. Hiç bir güýç, ululyk ene-ata söýgüsini, mährini ölçäp bilmeýär.

Bir gezek çarwa ogluny ýitiripdir. Ony gözläp ýörkä, adamlar ondan:

   — Seniň ogluň nähilidi? — diýip sorapdyrlar.

   Şonda çarwa:

— Dinar ýalyjakdy — diýipdir.

Adamlar:

— Onda ony görmedik — diýipdirler.

Aradan köp wagt geçmänkä, ýaňky çarwa boýnunda garaja, jozzuk ýaly oglany göterip gelipdir. Oňa:

— Eger sen ogluňy dinar ýaly diýmedik bolsaň, biz saňa ony tapyp bererdik, näme üçin beýle diýdiň? — diýip sorapdyrlar.

Şonda çarwa şeýle jogap beripdir:

  • Oglum gara däldir, ak guşumdyr, meni al-asmana göterjek ganatlarymdyr. Ganaty bar adamyň gözüne başga zat görünmez.

Gör, biziň atalarymyz näme diýýär?! Eger-de perzent barada şeýle sözleri aýdýarkalar, biz näme üçin olar barada ýeke agyz söz aýdamzok?! Munuň sebäbi düşnükli. Sebäbi atalarymyz bize agras söýmegi, agras bolmagy öwredipdiler. Biziň kakalarymyz, mähriban atalarymyz bu hakynda gürläp ýörmegi, şeýle-de ony jar etmegi kän bir uslyp görmeýär. Ýöne atalyk söýgüsiniň, mähriniň güýçli bolýandygyny biz hemişe öz kakalarymyzda, agras atalarymyzda duýup gelýäris ahyry.

Durmuşda köp gabat gelýäris. Bäbekhananyň agzynda aýagy bişen ýaly, eýläk-beýläk at çapýan kakalarymyza näme diýersiň?! Şol pursat olaryň derdi hem enäniňkiden pes däldir. Säher bilen awtobusda perzendiniň elinden tutup, çagalar bagyna barýan kakalarymyza näme diýersiň, ýa-da perzendini egnine „hopba” edip, öýüň içinde „at” salýan kakalarymyz bardyr. Bir kitapda Hattap ibn Mugallanyň şeýle sözleri bar: «Biri-birine eýerip ýören bedene çagajygy ýaly perzentlerim bolmadyk bolsa, bu dünýäniň uzynlygy-ini maňa gysby görünerdi. Aramyzda gezip ýören perzentlerimiz zeminiň üstünde gezip ýören ýüreklerimizdir».

Men söýgi, mähir diňe enelerde däl, eýsem atalarymyzda hem bolýandygyna ir düşünipdim. Hakykatdan-da, söýgi biziň kakalarymyzda, agras atalarymyzda hem bar.

Ata terbiýesi — inçe ýol. Ol „ýoluň” käte biziň gözlerimize görünmeýän gezekleri-de bolýar. „Göze görünmeýändiginiň” sebäbi, biz, köplenç, atalarymyzdan bidin görüm-görelde, edep-terbiýe alýarys. Çaga özi-de bilmezden, (esasan, bu oglanjyklara degişli) kakasynyň hereketlerine, görüm-göreldesine, her bir aýdýan sözlerine salgylanýar. Pikir edip görseňiz, ata terbiýesini, mähir-söýgüsini alan çaga sagdyn, edep-terbiýeli, ýagşy gylykly bolýandyr.

Pikir edip gördüňizmi, kakasy ussa bolanyň ogly ýa-da agtygy hem ussa çykýandyr. Öýde ýagşy gylykly atanyň gylyk-häsiýeti, edim-gylymy hem ogla geçýär.

Çaga bezzatlyk eden pursaty ýada ýaramaz işe baş goşjak bolanda, „Muny bilse, kakam näme diýerkä?” diýip, şol işi etmekden çekinýär. Ýalňyşlyk edip, bir ýaramazlyk eden oglanjyk „Indi kakama näme diýerin?!” diýip, şol eden ýalňyşlygyny düzetmäge çalyşýar. Gaýdyp, şeýle işleriň gyrasynda görünmäge ejap edýär. Durmuşda ata terbiýesini, görüm-göreldesini alan adam özüni köp zatlardan goraýar, halas edýär.

Häli-häzirlerem ýaşy bir çene baran ýaşulularyň: „Wah, kakam bolsa bolmaýarmy?! Ol maňa ýene-de köp zatlary öwrederdi. Onuň bilen köp zatlar barada maslahatlaşardym” diýýändikleri ýadyma düşýär. Kerim aga şeýle diýýär:

“…Ýene iki merde ýalbarmak bolar –

Diýdiler – ene hem atadyr olar”.

“Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy”.

“Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy”.

 

Ata saňa ýeke gezek berilýär.

Ataň ölse arzuw ýolun dowam et.

Sen arzuwňa ýetseň – ataň ýetdigi.

Ýogsa ataň ýatyp bilmez parahat.

Kakaly günler – iň akylly günler, iň parasatly günler. Kakaň barka, alyp bilmejek galaň, ýetip bilmejek menziliň ýokdur. Şonuň üçin men kakamdan müňde bir razy. Çünki ol maňa kaka bolmak gylygyny, “kaka” bolup ýaşamak edähedini öwretdi. Munuň üçin sen hem menden razy bol, KAKA! SAG BOL, KAKA!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification