GENERAL

Islemek ýeterlik däl, HEREKET EDIŇ!

Her bir barmagynyň yzy dürli-dürli bolan ynsanoglunyň, heý-de, pikirlenişi, arzuwlary, üstünlige bolan garaýyşlary birmeňzeş bolarmy?! Üstünlik diňe bir uly şereketiň düýbüni tutmak, milliarder bolmak däl ahyry. Üstünlik käte garry mamadyr baba üçin agtyjagyna pensiýasyndan toplap, welosiped alyp bermek; ene-ata üçin perzentlerini ulus-ile peýdaly adam edip ýetişdirmek; okuwçy üçin eje-kakasyny razy etjek bolup çärýeklik bahalarynyň hemmejesini 5-lige düzmek, çagajyk üçin tomsuň jöwzaly yssysynda, üýşürenje teňňelerine buzgaýmak alyp bilmek, hassa biçäre üçin dikelmek we ş.m… Umumylaşdyrjak bolsak, üstünlik hemmetaraplaýyn adamyň özüne  bagly.

Hawa, dogry. Nämedir bir zady hyýalyňda janlandyrmak, oturan ýeriňizden arzuwa gark bolmak ýeterlik däl.

Durmuş tejribäme göz aýlamda, käbir adamlaryň hakykatdan hem «Alma biş, agzyma düş» ýörelgesine eýerýändiklerini bilip galdym. Olar hemişe üstünlik gazanmak isleýändiklerini aýdarlar, ýagny diňe dilleri gymyldar. Has dogrusy, jadyly çyradaky jynyň: «Gadyrdan Pylany! Men siziň sadyk guluňyz! Siziň 3 sany arzuwyňyzy ýerine ýetirmek üçin geldim» diýmegine ýa-da eli taýajykly perişdejigiň gelip arzuwlarynyň amala aşyrmagyna garaşarlar…

Emma durmuş, multifilm ýa-da kino däl. Biz öz arzuwlarymyzyň jynlarydyr perişdejikleri bolmalydyrys. Arzuwlarymyzyň yzyndan  özümiz ylgamasak, eýsem, kim ylgasyn?!  Üstünlik gazanyp, durmuşda öz ornuny tapmak – her kişiniň islegi. Ýöne bu her adama başardanok! Fizika ylmynda Newtonyň birinji kanunyna görä jisime hiç-hili güýç berilmese, üstünde hiç hili güýç täsir etmese jisim öňki durkuny saklar. Şo islegi ýürekde oýaryp, herekete geçirmezlik – edil kir ýuwujy enjama kirli eşikleri oklap, “start” düwmejigini basmagy unutmak bilen barabardyr. Eýsem bu düzgün adama-da mahsusdyr. Aslynda üstünlige ýetmek pikir edişimiz ýaly kynam däl. Onda, näme üçin adamlar onuň aňsatlyk bilen hötdesinden gelip bilenokka? Bu sowala meşhur arap şahyry Aid al-Karniniň «Ilkinji ädimler üstünlik üçin ýeterlik ýol däldir» diýen sözi jogap bolsa gerek.

Üstünlik – öňüňde goýan maksadyňa tarap ymtylyşdyr, arzuwlaryňa ýetmekdir. Her adamyň üstünlige ýetmäge potensiýaly bar. Emma bu ýerde üns berilmeli zat, şol ymtylyşlarda maksadyňa tarap barýan ýoly gowy seljermekdir. Meselem, XYZ atly adam ABC atly maksadyna  ýetjek bolsa, şoňa barýan ýollary gowy seljermeli, ol ýolda ýüze çykyp biljek päsgelçilikler olar hakynda ymykly oýlanmalydyr.

Üns beren bolsaňyz, ähli üstünlige ýeten adamlardan reportaž edilip, hemişe soralýan sorag: «Üstünligiňiziň syry nämede?». Olaryň hemmesiniň berýän jogaplary birneme meňzeşräk, esasy özeni şol bir zat. Olary bir ýere jemlemekçi bolsak, ine,  şeýleräk netije mazmun emele gelýär:

1) Niýetlenmek.

Islemegiň indiki ädimi diýibem bileris. Niýet etmek – «ýüregiňe düwmek». Muny ähli adamlaram amal edip biler. Bir zady ýüregiňize düwseňiz, şonuň amala aşmagy üçin ähli 30 trillion (30,000,000,000,000) öýjügiňiz herekete geçýändir.

2) Islegi maksada öwürmek.

Islemek we maksat edinmek – düýbünden aýrybaşga zatlar. Maksat tutmak –  islemegiň galyplanan görnüşidir. Ol özüňde belli bir arzuwa ýetmek üçin bar bolan potensiýaly görüp, başarjagyňa ynanmakdyr. Köp  adamlar meselede ýalňyşlyk goýberýärler. Ýagny, isleg bilen maksady garjaşdyrýarlar. Aýdyň maksat üstünligiň esasy faktorydyr.

3) Paltaňy çarhlamak.

Maksadyňa barýan ýollary paýhaslylyk bilen seljermek hem diýip bileris. Işe girişmezden ozal, gabatlaşyp biljek gapma-garşylyklaryň hakynda mazaly oýlanmaly, özüňe strategiýalar gurmaly. Dogry wagtda, jaýdar pursatlary ulanyp bilmeli. Ýöne, paltaňy aşa ýitileseňem, tiz küteler. Şonuň üçin, ýeri gezek geldimi, herekete geçiň! Çünki kän pikirlenseňiz, ony amala aşyrmaga wagtyňyz bolmaz.

4) Herekete geçmek.

Ýokarda belleýşim ýaly, kelläňde bir arzuwyň proýektini çyzmagyň hiç hili ähmiýeti ýok, eger-de ony amala aşyrmasaňyz. Herekede geçmeseňiz, hiç haçanam ýaňky proýektiňiz durmuşa geçmez edil amala aşyrylmaga synanşylmadyk ýeriň aşagyndaky millionlarça proýektler ýaly.

5) Şowsuzlyklary adaty zat hökmünde kabul etmek.

Şowsuzluk – üstünlige tarap barýan ýoluň ugrunda dikgerilip duran böwet. Bu gezekki ädim, zähmetiňden, yhlasyňdan, ynamyňdan merdiwan ýasap, şol böwetden aşyp geçmekdir. Şowsuzlyklary bolaýmaly zat hökmünde kabul ediň. Birdenkä, şowsuzlyklara uçrap, ruhdan düşseňiz, mundan ozalky üstünlige ýetenleriň hem şol böwetleri böwsüp geçendigini ýatlaň. Bu size ruhy taýdan goldaw berer.

6) Yza ýol ýok, diňe öňe!

Aslynda adam maksadyna barýan ýolundaky päsgelçiliklere büdräp, höwesi gaçsa, derrew maksadyndan ýüz öwürmek bilen bolýar. Bu hem onuň tutanýerli däldigini görkezýär. Bir işe ýapyşdyňmy, şony goparýançaň goýberme. Adamyň ýaradylyşynda-da bar, bisabyrlylyk häsiýeti. Derrew netije görmek isleýäris. Sabyr bilen çemeleşilen hiç bir iş şowsuzlyk bilen tamamlanmaz. Maksadymyza ýetmek islegimiz nähili güýçli bolsa, şonça-da oňa ymtylyşymyz, yhlasly çemeleşmegimiz güýçli bolýar. Ýoldaky päsgelçiliklere üns berme, gözüň diňe depedäki arzuwlaryňda bolsun!

7) We… ýetmeli araçägiňize ýetdiňiz!

Hawa, 6-njy ädimimiz jemi 5 ädimiň süýji, datly miwesidir. Üstünligiň öňýanyndaky çekilen zähmetler hernäçe kyn görünse-de, üstünligi üstünlik edýän şolardyr. Olar üstünligiň bişmedik hamyrmaýasydyr.

Ýene-de bellenmeli zatlaryň esasysy hem halal zähmetdir. Arzuwyňyza barýan ýolda halal zähmet çekmek onuň 50%-niň amala aşanlygynyň görkezijisidir. Matematika ylmynda «0» sanyny islendik bir sana  köpeltseň, netije ýene «0»-dur, edil şonuň ýaly-da halal zähmet bilen gazanylmadyk üstünlik «0»-a köpeldilen ýalydyr.

Altynaý DÖWRANOWA, . Ashgabat shaherinin 87nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň XI klas okuwçysy.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council