GENERAL

Iş etmän, aýlyk alar

Ýalňyş okamadyňyz. Şwesiýada ýekeje bijesi çüwen adam iş etmän, aýlyk alar. Aýlygy hem az-küş däl: tutuş 21 müň şwed krony, başgaça aýtsak, aýda 2247 dollar. Diňe bu-da däl. Şol adam bilen 120 ýyllyk şertnama baglaşylar. Şertnama görä, onuň aýlygy her ýyl 3,2 göterim galdyrylar.

«Public Art Agency Sweden» tarapyndan başy başlanan we hut şu kompaniýa tarapyndan hemaýatkärlik ediljek taslama Goteborg şäherinde demir ýol menziliniň işläp başlamagy bilen güýje girer. Ýakob Senneý we Simon Goldin tarapyndan amala aşyrylýan taslamada bagty çüwen adam bilen işlemän, aýlyk almak babatynda şertnama baglaşylar. Eýýäm bu barada bildiriş hem berildi. Bildirişde saýlanan adamyň öz islän işi bilen meşgullanyp biljekdigi, ýöne ol ýatan çöpi galdyrman, işsiz otursa-da, aýlyk töleniljekdigi aýdylýar. Işgärden ediljek ýekeje haýyş her gün kesgitlenen wagtda täze açyljak Korswagen menziline gelip, bir çyrany ýakyp gitmek. Ondan çyrany söndürmek üçin menzile gaýtadan gelmek hem talap edilmeýär.

Täze işiň azajyk gynandyryjy tarapy, menzil 2026-njy ýylda açylar. Şoňa çenli işe ýüztutmalar çäklendirilmedik sanda kabul ediler we bije çekilip, diňe bir adam 120 ýyllyk şertnama bilen işe kabul ediler. Taslamanyň ýolbaşçylary bu degişme äheňindäki başlangyç bilen Goteborg şäheriniň mirasynda yz galdyrmak isleýärler.

Ýene-de okaň

Cycling Event in Bucharest Marking World Bicycle Day

Delegation of Turkmenistan is participating in the Baku Energy Week

An Artificial intelligence technology introduced in the Customs System of Turkmenistan

Turkmen Electronics Producer to Localize Manufacturing in Eswatini

Rashid Meredov met with Marco Rubio

Talks with the Head of the United Nations Office of Counter-Terrorism