GENERAL

Ilkinji türkmen Magtymgulyşynasy

Magtymgulyny ilkinji öwrenijileriň biri bolan türkmen edebiýatçysy Gurban Kulyýewiň 1932-nji ýylda ýazan “Magtymguly – söwda burŽuaziýasynyň ideology” atly tendensioz kitabynda şahyr baradaky öňe sürýän pikirleriniň öz zamanasynyň syýasy taraplaryndan ugur alnyp ýazylan örän birtaraply, doly kabul ederliksiz garaýyşlardygyny nygtamaklyk bilen birlikde “däliň bir gepi gerek” diýlen türkmen pähiminde aýdylşy ýaly, şol awtoryň haýsydyr bir sözlerinde – Magtymgulynyň “bazar” pelsepesi bilen baglanyşykly ylmy nazaryýetinde hakykatyň az bir ülüşiniň bardygyny-da boýun almagymyz gerek. Çünki, edebiýatçy Gurban Kulyýew bu kitabynda kitabynda Magtymguly Pyragynyň baş maksadyny Muhammet Pygamberiň baş maksady bilen kybapdaşlaşdyryp: “Muhammediň baş maksady Arap milletini birleşdirmek, Arabystanyň bütin ykdysady raýonlaryny goşup, uly bir Arabystan döwletini düzmek hem şonuň bilen ugurdaş Arabystandaky bütin dürli-dürli urug dinlerini ýok edip, bularyň hemmesine dini wagyz-nesihat bilen bir merkezi söwda baýlarynyň döwletine boýun egdirmekdir. Arabystandaky aýratyn han-beg feodallarynyň häkimligini ýykyp, onuň ornuna merkezi bir söwda baýlarynyň döwletini düzmek Muhammediň düýp esasy maksadydyr. Bu wakany Muhammediň we yslamyň taktikasyny ýagşy  bilen Magtymgulyda hem görýäris.“ – diýip belleýär. Edebiýatçy Gurban Kulyýewiň Magtymguly hakdaky bu pikiri tutuşlaýyn kabul ederlikli bolmasa-da, ol beýik şahyryň bazar  we ykdysadyýet, hususan-da bazar ykdysadyýeti meselesiniň milli jebisligi, döwlet bitewiligini amal ediji mehanizmdigine doly göz ýetiren şahsyýetdigini ykrar edýändigi üçin üns bererliklidir. Muňa Magtymguly Pyragynyň “Oglum – Azadym” atly şygrynda öz ylym öwreden ussat kyblasyna ýüzlenip ýazan:

                                Kalbyma giripdir yslam höwesi

                               Teňňedir, dirhemdir halkyň tamasy – diýen setirinde-de, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň “Magtymgulynyň  edebi obrazyna käbir bellikler” atly şygrynyň:

                               …Şeýdip, iki äpet çykýar söweşe:

                               Halkyň Pyragysy, Yslamyň dini – diýen setirinde-de anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Bu şygyr setirleri edebiýatçy Gurban Kulyýewiň belleýşi ýaly, şahyryň özüniň yslamy diňe bir dini ygtykat hasaplaman, eýsem, halkyň, milletiň dagynyklygyny, bölek-büçekligini ýeňip geçiji real bir güýç hasaplandygyny aýan edýär. Hakykatdan-da, şahyr yslamyň dagynyk arap tire-taýpalaryny bir ykdysady bazar bitewiligine kökerendigine hem aň ýetiripdir. Ine, beýik Magtymguly yslamyň şu missiýasyny öz  halkynyň bähbitlerine gönükdirmegiň ýerlikli boljakdygyna öz zamanasynda göz ýetiripdir. Şunuň özi bolsa, şahyryň “Mal ýagşy” atly şygryndaky: 

                                 Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,

                                 Ondan ki bir, güwläp ýatan çöl ýagşy – diýen,

          “Elde bary bolmasa” atly goşgusyndaky:

                                 …Otly, suwly tamug ondan ýagşydyr,

                                Her ülkäniň bir bazary bolmasa – diýen,

“Pynhan eýlär” atly şygryndaky:

                                              …Bir ýurduň bazary gyzsa,

                                              Her bir adam, dükan eýlär – diýen setirlerinde bazar, bazaryň güýji, onuň zerurlygy baradaky liriki mazmunlara beslenen göni manyly pelsepesini döretmegine hem sebäp bolupdyr. Ýöne, Magtymguly yslamyň dagynyk arap-tire taýpalaryny bir ykdysady bazar bitewiligine kökeren milli döwletlilik ýörelgesini öz halkynyň bähbitlerine gönükdirmeklik ýaly baş arzuwynyň wysal bolmandygyna gynanyp, özüniň “Gelip düşdi” atly şygrynda-da:

                            Ýat boldy yslamyň ýoly,

                            Hiç kimsäniň ýok hyýaly,

                            Ýowuz düşen Magtymguly,

                            Bes eýlegil, aklyň çaşdy – diýen setirlerini dile getiripdir. Çünki, XVIII asyrda mekdep-medreselerde dini bilim berilýän döwürde beýik akyldar şahyryň “Ýat boldy yslamyň ýoly” diýip, yslamyň kada-kanunynyň öz iline ýatdygyndan söz açmajakdygy her kese mälimdir. Hut şu nukdaýnazardanam, bu ýerde Magtymguly atamyzyň göni manydaky “bazar” pelsepesinden söz açýandygy öz-özünden düşnüklidir.  

Toýly Jänädow

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council

Turkmenistan have been published in the six UN languages as official documents of the General Assembly

Turkmenistan hosts Turkmen-Iran Business Forum and Iran Agrofood Exhibition

Turkmenistan and Japan signed new agreements

Turkmen-American Business Forum held in Ashgabat

Current issues of cooperation discussed with Minister of Energy of Iran