GENERAL

Çigildem

Ähli pasyllarda göreniňde göwnüňi göterýän sadadan salyhatly, näzik  çigildemler ynsanlaryň kalbynda söýgüni artdyrýar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren, dünýä meşhur çigildemleriň taryhyň gatynda özboluşly orny bar. Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa hem olar Gollandiýada has meşhurlyk gazanypdyrlar. XVII  asyrda Gollandiýanyň ähli ilatynyň ünsüni çekmegi başaran çigildemler şol wagt adaty işçä berilýän iş hakynyň 10 essesine barabar bolupdyr. Bu bolsa onuň gymmatynyň näderejede belentde tutulandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda Dünýäniň ähli künjünde çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ähli döwürlerde hem öz ajaýyp durky bilen türkmen tebigatynyň görküne gözellik goşan bu ajaýyp gülleri türkmen gelin-gyzlary öz el işerinde nepislik bilen ýerine ýetiripdirler. Häzirki wagtda hem “Çigildem gülli” diýlip atlandyrylan nagyşlary türkmen milli lybaslarynda synlamak bolýar. Bu ajaýyp gülleriň aňladýan manylary juda giň bolup dünýä halklarynyň arasynda olar barada özboluşly tymsallar hem getirilýär. Gözel çigildemleriň çeper waspy ilkinji gezek Omar Haýýamyň rubagylarynda getirilýär.  Bu gülleri sowgat bermegiň özüne laýyk mahsuslyklary bar. Eger-de siz bilmezden kimdir biriniň göwnüne degen bolsaňyz, şol ynsana ak çigildemleri sowgat bermegiň özi hem ýeterlik. Çünki ak çigildemler: “Meni bagyşlaň” diýmegi aňladýar. Mähriban eneleri, maşgala agzalaryny, näzik gyz-gelinleri gyzyl reňkli çigildemler bilen begendirmek olar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Güneşiň nuryny ýatladýan sary çigildemler ynam we üstünlik bagyşlaýar we olary köplenç dörediji ynsanlara sowgat bermek has ýakymly. Narynç, mämişi reňkdäki güller hemişe özünde täsinligi jemläp güýç, kuwwaty bagyş edýär. Olary ýolbaşçy adamlara, bile işleşýän işgärleriňize sowgat etseňiz ýakymly duýgulary oýaryp, olaryň işlerinde üstünlik gazanmaklaryna ýardam edersiňiz.

 Gylyçmyrat Döwletow              
 Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyllyk talyby

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council