GENERAL

Halkara gatnaşyklary institutynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün ýagny, 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan netijeler hakynda maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň ýolbaşçylary we işgärleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şu günki taryhy çykyşynda türkmen ýaşlarynyň milli aýratynlyklarymyza laýyklykda terbiýelenmegine aýratyn ünsi çekendigini bellediler. Häzirki wagtda döwrebap kompýuter we maglumat tehnologiýalaryndan, innowasiýalardan baş çykarýan zehinli türkmen ýaşlary kemala gelýär we olar ylmyň-bilimiň dürli ugurlary boýunça halkara derejelerinde ýokary görkezijileri gazanýarlar.

Mundan başga-da maslahatyň barşynda çykyş edenler türkmen Bitaraplygynyň hukuk ähmiýetiniň wajyplygyny hem-de onuň halkara derejesindäki ornuny giňden düşündirmek maksady bilen ýörite kursuň girizilmegi boýunça hem teklipleri оrta atdylar.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren halkara başlangyçlaryny ylmy taýdan seljermeklige mundan beýläk hem üns berilmelidigini aýratyn belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation

Foreign Ministers of Turkmenistan and Iran hold telephone conversation