GENERAL

Habarçylaryň ýaryşy “Türkmen sporty” gazetinde

Türkmen metbugatynda ýurdumyzda we halkara derejesinde bolup geçýän sport wakalaryny halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirýän sport gazeti bar. “Türkmen sporty” gazetiniň hepdelik gazetdigine garamazdan, ondan gyzykly sport maglumatlarynyň, habarlarynyň ählisini okamak mümkinçiligi bar. 4-nji aprelde geçirilen sport bäsleşigi  hem bu gün şol gazetiň sahypasyndan ýer alypdyr. Habarda berilýän anyk maglumatlar bilen bir hatarda, ýaryş pursatlaryndaky, sowgat gowşurylyşyk dabarasyny janlandyrýan suratlar makalany has-da baýlaşdyrypdyr. Mälim bolşy ýaly, 4-nji we 6-njy aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen Žurnalistleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilidi.  Bu bäsleşikleri “Makul hyzmat” terjıme merkeziniň hemaýatkärliginde “Atavatan Türkmenistan”, “Türkmenistan Sport” halkara Žurnallary we “Türkmen sporty” gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirdi.

Related posts

5.Asya Oyunları için yeni paralar basıldı

vepa

Türkiye’s Best “Noctourism” Experiences

Ata Watan Eserleri

Ten Years of the EU–Kazakhstan EPCA