GENERAL

Halkara “Atawatan Türkmenistan” Žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda paýlanşygy amala aşyrylan Halkara “ATAWATAN TÜRKMENISTAN” halkara Žurnalynyň täze sany çykdy. Türkmenistanda Bedew baýramynyň dabarasynda paýlanşygy başlanan Žurnalyň täze sany Aziýa Oýunlaryna bagyşlanandyr.  Şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Aziýa Oýunlaryny bagyşlanyp çykarylan Žurnalda sport pudagynda möhüm şahslaryň makalalary neşir edildi.

 

Şeyh Al-Sabah Atawatan Türkmenistan Žurnaly üçin ýazdy

 

Atawatan Türkmenistan Žurnalynyň täze sanynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň başlygy Şeyh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň Žurnalymyz üçin ýörite  ýazan makalasy çap edildi. Şeýle hem Žurnalyň täze sanynda Halkara Sport Metbugaty assosiasiýasynyň  Aziýa Sport Metbugaty  (AIPS ASIA) prezidenti Mohammad Kasım, Halkara Sport Metbugaty assosiasiýasynyň  Afrika Sport Metbugaty (AIPS AFRICA)  prezidenti Obi Mitçel Okekukwi, Halkara Sport Metbugaty assosiasiýasynyň  Ýewropa  Sport Metbugaty (AIPS EUROPE) prezidenti Ýannis Darasyň makalalary çap edildi.  Sport Metbugaty pudagynda dünýäniň 3 yklymyna wekilçilik edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary  Aziýa Oýunlary hakyndaky garaýyşlaryny Atawatan Türkmenistan Žurnalynyň üsti bilen halkara okyjylar köpçüligi bilen paýlaşdylar.  Atawatan Türkmenistan Žurnalynyň täze sanynda şeýle hem Aziýa Oýunlary hakynda giňişleýin maglumatlara ýer beren makalalar çap edildi.

 

Žurnalymyz hemaýatkärleriň kömegi bilen çap edilendir

 

Tölegsiz paýlanan Atawatan Türkmenistan Žurnalynyň ilkinji çap edilen gününden başlap takmynan 110 müň sany çap edilip, Türkmenistan we Türkiýeden başlap dünýäniň ähli künjegine paýlanandyr.  Žurnalymyzyň her sany  www.atavatan-turkmenistan.com sahypasynda PDF we e-Žurnal formatynda ýerleşdirilip, ýüzlerçe okyjylar üçin aňsatlyk döredildi. Žurnalymyzyň täze sany Tepe Türkmen, Türk Howa Ýollary, Halil Avcı Grup, Nata Holding, Sabancı uniwersiteti, AO Smith Su Tehnologiýalary, Net Organization,  SchneiderElectric, ArifiyeFıdancılık, Elden Ele, Makul Hyzmat Terjime Merkezine. www.turkmenhabargullugy.com  ve www.turkmenlawyer.com    Hukuk ofisiniň goldawy esasynda çap edildi.

 

Çeşme: Atawatan Türkmenistan habarlar Agentligi  (ATHA)

Ýene-de okaň

Speaker of the Turkmenistan Parliament Meets with Vice President of the PRC

Tbilisi celebrates the Turkmen carpet holiday

National Equestrian Games Group “Galkynysh” participated in the VII International Ethnosport Festival in Istanbul

Turkmen students introduced Turkmenistan in California

Ata Watan Eserleri

Visit of Kyrgyzstan’s Minister of Culture to Turkmenistan: Strengthening Cultural Ties and Ethnocultural Exchange

Negotiations held in Beijing between the Turkmenistan Parliament delegation and China’s National People’s Congress Standing Committee