GENERAL

Grenlandiýada ýene bir krater tapyldy

Amerikanyň älem we howa guramasy NASA Grenlandiýa adasynyň demirgazyk-günbatarynda buzuň bir mil aşagynda ikinji bir krateriň bardygyny mälim etdi. Meýdany 22 mil bolan krater meteoryň (asman jisimi) düşmegi bilen emele gelipdir. Ol ululygy boýunça dünýädäki kraterleriň arasynda 22-nji orny eýeleýär.

Grenlandiýada ozal hem bir krater ýüze çykarylypdy. Has takygy, buzlar adasyndaky ilkinji krater baradaky çaklamalar 2015-nji ýylda ýüze çykyp başlady. Ol dolulygyna 2018-nji ýylda tassyklanyldy. Adanyň Hiawata buzlugyndaky krater Ýer ýüzünde buzuň aşagynda tapylan ilkinji krater hökmünde bellige alnypdy.

Täze krater bolsa ozalkydan 114 mil uzaklykda ýerleşýär. Olaryň emele gelen wagtlary hem bir döwürde bolmaly däl diýip, alymlar çaklaýarlar. Olaryň pikirine görä, täze tapylan krateriň ýaşy Hiawatadakydan hem uly bolmaly.

 

Ýene-de okaň

The State Flag of Turkmenistan and the Logo of the Arkadag Football Club Raised on the Highest Peak of Türkiye

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.

National Leader of Turkmenistan Expresses Condolences to the President of Iran

Turkmenistan Airlines Suspends Flights to Dubai and Jeddah