GENERAL

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Ð¥IV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlisleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar, has takygy 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen bagly bolan guramaçylyk meselelerine seredilip geçildi.

Myhman şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady we Türkmenistan bilen özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

“Makul Dictionary” Added to Stanford University Library Catalog

The State Flag of Turkmenistan and the Logo of the Arkadag Football Club Raised on the Highest Peak of Türkiye

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.

National Leader of Turkmenistan Expresses Condolences to the President of Iran