WORLD

Gazagystanda Prezident saýlawlaryna 9 dalaşgär görkezildi

28-nji aprelde Gazagystanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Şeýlelikde, ýurduň partiýalary we iri guramalary tarapyndan bu wezipä 9 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleriň arasynda bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirýän Kasym-Jomart Tokaýew, «Ak Žol» partiýasyndan Daniýa Ýespaýewa, Gazagystanyň Kommunistik halk partiýasyndan Jambil Ahmetbekowa, «Auil» partiýasyndan Toleutaýa Rahimbekowa, «Uli Dala Kirandari» jemgyýetçilik birleşmesinden Sadibek Tugel, «Halk demografiýasy» guramasyndan Amangeldi Tashipow we Amirjan Kosanow bar.

Ýurduň kanunçylygyna görä, dalaşgärlerden 2 million 125 müň dalagärlik huny alyndy. Eger olar Prezident saýlansalar ýa-da sesleriň 5 göterimden artygyny gazansalar, alnan hun yzyna gaýtarylyp berler.

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky maglumatlara görä, ýurduň saýlawçylarynyň agzalarynyň sany 11 million 814 müň adamdyr. Şuňa görä, dalaşgärleriň her biriniň azyndan 118 müň 149 adamyň sesini almagy gerek.

Dalaşgärler 11-nji maýda gutarnykly bellige alnar. Oňa çenli ýurduň saýlaw topary tarapyndan dalaşgärler bilen bagly käbir işler geçiriler. Bellige alnan dalaşgärler 8-nji iýun güni sagat 00:00-a çenli saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirip, meýilnamalary bilen tanyşdyryp biler. Saýlawlar bolsa 9-njy iýunda ir sagat 7-den agşam 20-ä çenli geçiriler.

 

Related posts

Kids Expo 2025: Last Chance to Secure Your Booths at the Premier Children’s Industry Platform

Ata Watan Eserleri

USAID YDA is seeking local partners to implement the TechYouth Bootcamp program

The Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan met with the Secretary General of the International Road Transport Union