GENERAL

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk

2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekiliýetine minnetdarlyk bildirildi. Taraplar Türkmenistanda bank ulgamynyň we işewürlik pudagynyň ösüş depgini boýunça ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygyň işjeň ähmiýetini belläp geçdiler.    

Şeýle hem duşuşygyň barşynda türkmen tarapy jenap Bruno Balwanerany  ÝTÖB-nyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we oňa hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy boýunça bilelikdäki işinde üstünlikleri arzuw etdi.   

Soňra taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna geçdiler. Aýratyn hem Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginden soňra kenarýaka döwletleriň sebitleýin özarahereketlerini ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durlup geçildi.

Taraplar şeýle hem TOPH we Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegindäki öňde duran hereketler boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da taraplar häzirki wagtda türkmen tarapynda seretmek tapgyrynda duran ÝTÖB-nyň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin strategiýasyna teklipleriň hem-de bellikleriň berilmegine degişli bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler.

Ýene-de okaň

Meeting at the Parliament of Georgia: priorities for interparliamentary cooperation

US Special Representative meets with Turkmenistan’s Foreign Minister

The Ambassadors of Central Asia and Mongolia met with the Chairman of the House of Representatives of Belgium

Women entrepreneurs from Turkmenistan took part in international exhibitions in Paris

The Ambassador of Turkmenistan to Slovenia attended a New Year’s reception organized for the diplomatic corps

Priority areas of cooperation between Turkmenistan and UNESCAP were discussed