GENERAL

Enemden eşdenlerim…

Hasap-synaglarymy üstünlikli tabşyranymdan soň, öýe dolanmak duýgusy beýnimiň her tarapynda ymykly ornaşypdy. Ýene şol öňkije otly duralgasy, garynja ýaly hersi öz aladasy-derdi bilen  ha saga, ha sola  gaýmanaklaşyp ýören adamlar… Ýene-de wokzalyň täji ýaly bolup asmana ümezläp duran ullakan sagat. Olam öziçe ýetişibildiginden “jyk-jyklap” dur. Ýyldaşlarymyz bilen gülüşip-degişip nädip menzile ýetenimem bilmän galdym. Ine-de beýik şahsyýetleriň ýaşap geçen mukaddes künjegi, beýik serkerde Jüneýt hanyň, alym-şahyr  Mahmyt Zamahşarynyň, Durdygylyjyň we ýene-de niçeme ärleriň önüp-ösen ýerleri, ullakan taryhy geçmişi göwsüne gysyp seleňläp otyran obam…

 Gele-gelmäne-de “Niredesiň enemjan” diýip ýazzyny berdim. Gabarasy kiçeňräk jaýy öz saýasynda güniň ýekeje şöhlesinem düşürmeýän güjümiň aşagynda çaý içip otyran enemiň ýanynda mazalyja ornaşdym. Salam-hälik alnyp, saglyk-amanlyk soraşylandan soň eneme “Aşgabatdan” diýip getiren ýüň joraby sowgat berdim. Sowgat berseňem eneme beräýseň, ýanyna kim gelse görkezer otyrar monça bolup. Göwni dagy çagaňky ýaly. Sähelçe zada-da begener ýörer. Şahyr aýtmyşlaýyn “dillije keleleriňem” soraglaryny irikgä goýmaz. “Taýmaz baba” ýaly özem. Gürrüň ýok ýerindenem gürrüň tapar. Ol günem uzynly gije enemiň gürrüňlerini diňläp daňa ýetdim. Tomus gijeleri daşarynyň howasyna ýetesi lezzet barmy diýsene? Ýanyňda-da eneň dagy bolsa ol-ha başga gürrüň. Şol gün köpi gören enem geçmişde bolan bir wakany gürrüň berdi. Ol häli henizem meni haýran galdyrýar. Çünki türkmen aýal-gyzlarynyň öňki döwürlerde-de ugurtapyjylygy, başarnygy bilen diňe özlerini däl, bütin ili, ýurdy halas edip bilipdirler:

Önki wagtlarda ýary gije öýleri talamak, galtamançylyk, çaparmançylyk etmek, gapdal obalaryň üstüne dökülmek dagy hiç zat eken. Ine şeýle günleriň birinde ýeke ýaşaýan bir aýalyň öýüne galtamanlar gelipdir. Duýgur ene iküç ýaşly çagajygy bilen ýaşaýan eken. Ene daşardaky atyň aýak seslerini diňşirgäp, çaparmanlaryň gelenini aňypdyr. Şo bada hem çeýnekdir käselerini çakyşdyryp şeýle sözleri batly ses bilen ýaňlandyryp aýdyp başlapdyr:

Şabyr-da Şamyrada ber,
Guý-da Gulmyrada ber,
Törde otyran ikisine-de ber,
Gapydaky Aýmyrada ber,
Gapdalyndaky Myrada ber,
Özüňe-de guý, soň maňa-da ber!

Bu sözleri eşiden galtamanlaryň zähresi ýarylana dönüpdir. Olara “zut” ökjäni götäraýmekden başga alajam galmandyr. Sebäbi hälki ady sanalan ýigitler daşary çykarman bolsalar dagy bu galtamanlaryň “işini görjekleri”  anykmyş.  

Ine şeýdip, ol zenan hem-ä öz janyny, hemem balasynyň ykbalyny galtamanlardan gorapdyr. Öýüni ýagmalanmagyndan halas edipdir.

Türkmen zenanlarynyň keşbini gahrymanlarça janlandyrýan eserleri okanyňdan soň geçmiş taryhyňa şeýlebir buýsanjyň artýan eken. Gadym döwürlere enelerimiz hat-da uruşa-da gatnaşyp mertlerçe söweşipdirler, onda-da eline ilen orakmydyr, paltamydyr, byçgymydyr  başga zatlar bilen jeň meýdanyna çykypdyrlar. Şeýdibem, bu eziz  topragy bize miras goýupdurlar.

 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ogulnur PIRJIKOWA

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification