GENERAL

Dünýäniň iň çuň nokadyndaky täsin tapyndy

53 ýaşly amerikaly geolog we maýadar Wiktor Weskowonyň ýolbaşçylygyndaky «Five Deeps» gözleg topary dünýäniň iň çuň nokadynda ― Mariana çöketliginde geçiren gözleg-barlag işleriniň dowamynda täsin tapyndynyň üstünden bardy.

Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, 13-nji maýda Weskowonyň ýolbaşçylygyndaky toparyň «DSV Limiting Factor» suwasty barlag enjamy 10 müň 928 metrlik çuňlukda gözleg işlerini geçirdi. Ýeri gelende aýtsak, bu çuňluk hem rekord derejededir. Mundan ozal 1960-njy ýylda Don Uolş bilen Žak Pikaryň ýolbaşçylygyndaky «Triest» atly topar 10 müň 912 metr çuňluga ýeten eken. Täze rekordyň gyzykly tarapy, ozalky rekordyň şärikdeşleriniň biri Uolş hem Weskowonyň toparynda bardy.

Topar öz işlerini Mariana çöketliginiň «Çellenjer» diýlip atlandyrylýan çuňlugynda alyp bardy. Bu ýerden ýerasty «Diskaweri» kanaly hem geçýär. Çuňlugyň düýbüne bäş gezek baryp gaýdan topar dünýäniň düýbünden birnäçe plastik gap we süýji kagyzlaryny tapdy. Tapyndylar alymlar tarapyndan gözden geçirildi. Başga bir tarapdan bolsa, adamyň ekologiýa edýän täsiriniň dünýäniň iň çuň ýerine çenli baryp ýetýändigi gynandyryjydyr.

Ýene-de okaň

The State Flag of Turkmenistan and the Logo of the Arkadag Football Club Raised on the Highest Peak of Türkiye

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.

National Leader of Turkmenistan Expresses Condolences to the President of Iran

Turkmenistan Airlines Suspends Flights to Dubai and Jeddah