GENERAL

Dünýäniň iň abraýly aýdym-saz baýragy gowşuryldy

Häzirki wagtda aýdym-saz dünýäsiniň iň abraýly baýragy hasaplanylýan Gremmi, adaty däbine görä, ýene-de mynasyp eýelerine gowuşdy. «Golden Hour» atly aýdym-saz toplumy bilen diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazanan Keseý Masgreýws iň gowy toplum üçin goýlan baýraga mynasyp boldy. Iň gowy aýdym üçin niýetlenen baýrak bolsa «This is America» atly aýdyma gowşuryldy. Ony Donald Glower bilen Lýudwig Gronsson ýerine ýetirdi. Edil şu aýdymy ýazgyda ýerine ýetiren Çildiş Gambino bolsa «Ýylyň ýazgysy» baýragyna mynasyp boldy.

Gremmi baýraklaryny gowşuryş dabarasy Los Anjeles şäherindäki Steplis sentrde geçirildi. Bassyr 61-nji gezek geçirilýän dabarany Alisiýa Keýs alyp bardy. Dabarada berlen baýraklaryň sanawy şeýle:

Ýylyň aýdym-saz toplumy: «Golden Hour», Keseý Masgreýws;

Ýylyň ýazgysy: «This is America»,  Çildiş Gambino;

Ýylyň aýdymy: «This is America», Donald Glower, Lýudwig Gronsson;

Ýylyň täze zehini: Dua Lipa;

Ýylyň iň gowy solo ýerine ýetirijisi: «Joanne», Ledi Gaga;

Ýylyň iň gowy pop toplumy: «Sweetener», Ariana Grand;

Ýylyň iň gowy rep toplumy: «Invasion of Privacy», Kardi B;

Ýylyň iň gowy rok toplumy: «From Fires», Greýta Wan Flit;

Ýylyň iň gowy wideo sazy: «This is America», Çildiş Gambino.

Ýene-de okaň

Announcement from the Embassy of Turkmenistan in the United States

Ilham Aliyev met wit Chairman of Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov

Asian Infrastructure Investment Bank to Participate in UN Conference in Avaza

Meeting with UAE Ambassador held at MFA of Turkmenistan

Diplomatic relations have been established between Turkmenistan and the Republic of Rwanda

Turkmenistan and Benelux: Advancing Visa Facilitation and Deepening Dialogue