WORLD

Demirgazyk Irlandiýa plastik banknotlara geçýär

«Euronews»-iň habar bermegine görä, Demirgazyk Irlandiýanyň «Ulster» banky dik görnüşde taýýarlanan plastik banknotlary (puly) tanyşdydy. Bankyň hünärmenleriniň pikirine görä, plastik banknotlaryň ýasamasyny taýýarlamak juda kyndyr. Ikinjiden, ol kagyz pullara görä has çydamly. Demirgazyk Irlandiýada täze banknotlar 27-nji fewralda ulanylyp başlar.

Ýeri gelende aýtsak, Birleşen Karollygyň beýleki döwletlerinde puluň şeýle görnüşine 2016-njy ýylda geçildi. Ýöne dik görnüşinde taýýarlanan banknotlar ilkinji bolup Demirgazyk Irlandiýada ulanylar. Olar ýurda mahsus gülleriň we jandarlaryň suratlary bilen bezeldi.

Ýurtdaky banklaryň diňe dördüsine milli puly neşir etmäge rugsat berlendir. Ýöne Demirgazyk Irlandiýanyň milli puly diňe ýurduň içi üçin ýöreýär, Birleşen Karollygyň başga döwletlerinde ol güýjüni ýitirýär. Pul neşir etmäge hukugy bolan banklaryň biri «Danske ve Bank» geçen ýyl 2019-njy ýyldan başlap, Irlandiýada plastik puluň ýöräp başlajakdygyny aýdypdy.

Plastik banknotlar ilkinji gezek mundan 31 ýyl ozal Awstraliýada ulanylyşa girizilipdi. Bu döwletde 1996-njy ýylda kagyz pullaryň ulanylyşy doly ýatyrylyp, ähli hasaplaşyklar plastik banknotlarda amala aşyryldy. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwleti puluň bu görnüşini ulanýar.

Ýene-de okaň

Marcus Aurelius Statue returns to its homeland, Türkiye, after 65 years

Every layover feels like a full journey in Istanbul

5 compelling reasons to visit Didim on the Aegean coast of Türkiye

Ata Watan Eserleri

Experience an unforgettable road trip along the breathtaking Turkish Riviera

DNA Study Reveals Female-Centred Society at Türkiye’s Neolithic Çatalhöyük

Ata Watan Eserleri

The Most Delicious Morning Ritual to Experience in Türkiye: Turkish Breakfast